Türkmen halkynyň asyrlardan bäri dowam edip gelýän baý ruhy mirasynyň möhüm bölegi bolan nakyllar giň gerimde iňlis dilinde neşir edilip, halkara okyjylara ýetirildi. Hukuk ylymlaryň doktory Döwran Orazgylyjowyň baş redaktorlygynda taýýarlanan “Makul English & Turkmen Proverbs” atly kitap häzirki wagtda Amazon platformasynda elýeterlidir. Täze neşir ABŞ-nyň Kongres kitaphanasynda (Library of Congress) 2026909840 belgi bilen hasaba alyndy.
Satyn almak üçin linki : Amazon
Täze eser iňlis we türkmen nakyllarynyň giňişleýin ýygyndysyny öz içine alyp, iňlis nakyllaryny olaryň türkmençe manylary bilen birlikde, şeýle hem türkmen nakyllaryny olaryň iňlisçe deňeşdirilýän görnüşleri bilen hödürleýär. Nakyllar halklaryň taryhy köklerini, gymmatlyklaryny we durmuş tejribelerini şöhlelendirýän gysga, ýöne çuň manyly sözler bolup, bu kitap olaryň diňe bir aýratyn millete degişli däldigini, eýsem adamzadyň umumy medeni mirasynyň bir bölegidigini görkezýär. Eser taýýarlanylanda geçirilen deňeşdirmeler köp nakyllaryň many taýdan örän meňzeşdigini, käbir ýagdaýlarda bolsa şol bir pikirleri beýan edýändigini ýüze çykardy. Bu bolsa halklaryň arasynda çuňňur medeni baglanyşyklaryň bardygyny görkezýär.
“Makul English & Turkmen Proverbs” kitaby “Makul dil taslamasynyň” üçünji neşiridir. Bu taslamanyň ilkinji kitaby bolan “Makul English–Turkmen Dictionary” dünýäniň abraýly bilim merkezleriniň hatarynda bolan Harvard University, Stanford University we New York Public Library kataloglaryna girizildi. Şeýle hem ikinji kitap hökmünde taýýarlanan “Makul Iňlisçe–Türkmençe dil gollanmasy” Library of Congress tarapyndan kataloglaşdyryldy.
Täze neşiriň esasy aýratynlygy nakyllary sözme-söz terjime etmek däl-de, olaryň many-mazmunyny beýleki dile düşnükli görnüşde ýetirmekden ybaratdyr. Şonuň üçin bu eser diňe bir terjime kitaby däl-de, eýsem dürli medeniýetleriň arasynda many taýdan köpri gurýan düşündirişli çeşme hökmünde çykyş edýär. Awtor bu kitabyň diňe bir şahsy zähmetiň netijesi bolman, eýsem redaksion kollegiýanyň utgaşykly we sabyrly işiniň netijesidigini belläp, ähli gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirýär. Kitaba belgiýaly žurnalist Derya Soysal we Makul Hyzmat terjime merkeziniň baş direktory Şamil Roznazarow giriş sözini ýazdy we täze neşiriň ähmiýetini belläp geçdi.
Türkmen halkynyň arasynda giňden aýdylýan “Akylyň bolsa, akyla eýer, akylyň bolmasa – nakyla” diýen söz nakyllaryň jemgyýetdäki ornuny doly görkezýär. Hakykatdan-da, nakyllar asyrlaryň dowamynda toplanan durmuş tejribesiniň we pähim-paýhasyň gysga we täsirli beýany bolup durýar.
Türkmen nakyllarynyň iňlis dilinde neşir edilmegi türkmen medeniýetiniň halkara giňişlikde tanalmagyna möhüm goşant goşýar. Täze kitap arkaly türkmen okyjylary başga medeniýetleri has gowy tanamaga mümkinçilik alsa, daşary ýurtly okyjylar hem türkmen halkynyň çuňňur paýhasy bilen tanyşyp bilerler.

REDAKSION TOPARY WE DIZAÝN
Dr. Döwran Orazgylyjowyň ýolbaşçylygynda bu taslamanyň taýýarlanmagyna birnäçe alymlar we hünärmenler gatnaşdy. Redaksiýa toparynyň düzümine aşakdakylar girýär:
Amangeldi Baýgeldiýew — Filosofiýa ylymlarynyň kandidaty
Azat Nazarow — Dilçi
Kristofer Wizda – Magaryfçy we halkara ösüş hünärmeni
Şamil Roznazarow — “Makul Hyzmat” Terjime merkeziniň direktory
Dowran Orazgylyjov — Hukuk ylymlarynyň doktory, awtor we baş redaktor
Gollanmanyň kompýuter dizaýny ýaş hünärmen Ysmaýyl Orazgylyjov tarapyndan ýerine ýetirildi.
Makul Hyzmat – goldaw
“Makul Sözlük” taslamasy “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi tarapyndan goldanylýar we ösdürilýär. Bu merkez taslamanyň ösüşinde, mazmunynyň giňeldilmeginde we halkara derejesinde tanadylmagynda möhüm rol oýnaýar.
Mobil goşundylar we sanly platforma
“Makul Sözlük” häzirki wagtda mobil goşundy hökmünde hem ulanyjylara hödürlenýär:
iOS (App Store)
Android (Google Play)
Goşundynyň aýratynlyklary:
sesli sözlük
çalt gözleg ulgamy
25,000-den gowrak söz bazasy
köp dilli mümkinçilikler
