TEHNOLOGIÝA

“Apple” ýene-de dünýäniň iň gymmat kompaniýasyna öwrüldi

Amerikanyň “Apple” korporasiýasy bazar kapitalizasiýasy boýunça “Nvidia” kompaniýasyny yzda galdyryp, ýene-de dünýäniň iň gymmat kompaniýasy boldy.

Bu barada söwda maglumatlaryna salgylanyp habar berildi.

Maglumatlara görä, “Nasdaq” biržasynda “Apple” kompaniýasynyň paýnamalary 1,17% ýokarlanyp, bir paýnama üçin 336,91 ABŞ dollaryna ýetdi. Şol bir wagtyň özünde “Nvidia”-nyň paýnamalary 4,99% pese düşüp, 196,51 ABŞ dollaryna çenli arzanlady.

Netijede, “Apple” kompaniýasynyň bazar kapitalizasiýasy 4,95 trillion ABŞ dollaryna ýetdi. “Nvidia”-nyň bazar bahasy bolsa 4,76 trillion ABŞ dollary hökmünde bahalandyrylýar.

Bazar kapitalizasiýasy boýunça dünýäniň iň iri bäş kompaniýasynyň hataryna şeýle hem “Alphabet” (4 trillion ABŞ dollary), “Microsoft” (2,89 trillion ABŞ dollary) we “Amazon” (2,49 trillion ABŞ dollary) girýär.

Related posts

 “WhatsAPP” täzeden işläp başlady

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda “Türkmentel-2023” atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler

Ata Watan Eserleri

Haker hüjümi: Instagramdan soňra Saýtymyza hüjüm

Dr.Döwran Orazgylyjov