Krosswordyň soraglary
1. Niýet, hyýal
2. Hökmany ýerine ýetirmek şerti bilen edilýän berk buýruk
3. “... aýak gep getir” (nakyl).
4. Doly açylmadyk gül.
5. Adam kellesi
6. Bugdaý, arpa we ş.m. ekinlerden alynýan hasyl.
7. Iki ýaşar düýe.
8. Togalajyk-togalajyk edilip, serlip guradylan süzme.
9. Ene keýik ýa-da towşan.
10. Erik, alma we ş.m. agaçlaryň ekmek üçin ýörite ösdürilip ýetişdirilen kökli çybygy
11. Bol önüm, köp hasyl.
12. Ýagyşdan, günden goranmak üçin kömelek görnüşli gural.
13. Kepderi ýaly ululykda, goňrumtyl reňkli guş.
14. Mawritaniýa döwletiniň pul birligi.
15. “Hatarda ... bolsa, ýük ýerde galmaz” (Nakyl)
16. XX asyryň 60-njy ýyllarynyň şahyry ... Nuryýew.
17. Iri süýdemdiriji deňiz haýwany, läheň.
18. Sil suwunyň akýan ugry
19. Töwerek-daşyndaky ýagdaý üýtgände, özüniň derisini şol ýagdaýa görä üýtgedip bilýän, yssy ýurtda ýaşaýan süýreniji haýwan
20. Gyşyň bezegi.
21. Ýagtylyk beriji enjam
22. Gözüň göreji (köne söz).
23. “... - bugdaý aş bolar, altyn-kümüş daş bolar” (nakyl).
24. Derýadan, çuň ýapdan suw çykarmak üçin küýzeler keserdilip berkidilen çarhly sada gurluşly desga
25. Kitap, gazet-žurnal we başga neşirler çap edilýän kärhana.
26. Yşka düşen
27. Göz ýumup-açasy salym, az wagt, birsalym
28. Halkara gurama
29. Oňaýsyz, çemesiz.
30. Gözüň göreji bilen ak almasy.
X
Congratulations individual!
