BILIM

«Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly zehin telebäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň guramaklarynda ýurdumyzyň ýokary synplarynda (11-12-nji synplarda) okaýan mekdep okuwçylarynyň arasynda «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly zehin telebäsleşigi geçirildi.

Zehin telebäsleşigine gatnaşmaga isleg bildirýän mekdep okuwçylaryna hödürlenen sowallar we ýumuşlar Türk­me­nis­tanyň Milli bilim institutynyň usulyýetçi alymlaryndan, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlaryndan, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň, Halkara ahalteke atçylyk akademiýasynyň «Behişdi ahalteke atlary» habarlar-syn beriş žurnalynyň hünärmenlerinden, atşynaslardan ybarat bolan ýörite usulyýet topary tarapyndan taýýarlanyldy.

Şeýlelikde, «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly diý­lip yg­lan edil­en şu ýylymyzda geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň möhümleriniň biri bolan şol zehin telebäsleşiginiň ýaňy-ýakynda ýeňijileri belli boldy.

«Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly zehin telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip eminler topary tarapyndan şu mekdep okuwçylary yglan edildi:

  • Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň A.I.Belodedow adyndaky 31-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Abdyrahman Şamyýew – baş baýraga, altyn medala we ýörite kuboga;
  • Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 19-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Güneş Orunowa – I orna, kümüş medala;
  • Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ruhyýa Gutlymyradowa – II orna, kümüş medala;
  • Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Nurjemal Gaýypberdiýewa, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň 59-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Oguljan Begowa,
  • Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Oguldürli Öwezmämmedowa – III orna, bürünç medala mynasyp boldylar hem-de olar degişli diplomlara we gymmat baha sowgatlar bilen sylaglandylar.
  • Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň 15-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Göwher Döwletmyradowa bolsa, tapawutlanlygy üçin zehin telebäsleşiginiň diplomy we gymmat bahaly sowgady gowşuryldy.

Related posts

«Soňky jaň» dabaralary ýakymly ýatlamalara baý bolar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Aşgabatda pars dili kurslarynyň tomusky möwsümi başlanýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebi