IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Gyzylarbat etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Gyzylarbat etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, şeýle hem etrabynyň ýaşaýjylarynyň dykgatyna!

Balkan welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Gyzylarbat etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2025-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Gyzylarbat etrabynyň E.Kulyýewa köçesiniň 8-nji b jaýynda, sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!

Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;

Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.

Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Gyzylarbat etrabynyň E.Kulyýewa köçesiniň 8-nji b jaýy.

Habarlaşmak üçin: +993246 53772; +993246 54430.

Related posts

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi halkara bäsleşik yglan etdi

Ata Watan Eserleri

“Petronas”: täze iş orunlaryny hödürleýär

Bäsleşik:gazdan benzin öndürýän zawodda ammar gurmak

Ata Watan Eserleri