TEHNOLOGIÝA

«Sanly çözgüt – 2026» bäsleşiginde 43 innowasion taslama ýeňiji boldy

Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini ösdürmek, ýaşlaryň arasynda maglumat-telekommunikasiýa ulgamynda döredijilik başlangyçlaryny goldamak hem-de programma üpjünçiligini işläp düzýän, innowasion çözgütleri hödürleýän ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen «Sanly çözgüt – 2026» innowasion taslamalar bäsleşiginiň netijeleri jemlendi. Bäsleşigiň ýeňijileri «Türkmentel – 2026» halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde yglan edildi.

Ýaşlaryň arasynda maglumat-telekommunikasiýa ulgamynda geçirilen bäsleşik emeli aň, robototehnika we awtomatlaşdyrma, akylly oba hojalyk tehnologiýalary, akylly şäher, bilim we elektron okuw, sanly lukmançylyk hem-de hyzmatlar ulgamy ýaly 7 ugur boýunça geçirildi. Oňa jemi 450-ä golaý innowasion taslama hödürlenildi. Eminler toparynyň gelen netijesi boýunça dürli ugurlarda öňdebaryjy bolan 43 taslama ýeňiji diýlip ykrar edildi.

Bäsleşigiň netijelerine görä, her ugur boýunça iň gowy taslamalar saýlanyp, jemi 7 taslama I orna, 13 taslama II orna, 23 taslama bolsa III orna mynasyp boldy. Ýeňiji işleriň hatarynda emeli aň esasynda işleýän lukmançylyk platformalary, türkmen dili üçin döredilen sanly modeller, robotlaşdyrylan ulgamlar, akylly oba hojalyk tehnologiýalary, şäher infrastrukturasyny dolandyrmak boýunça çözgütler, elektron bilim platformalary we hyzmatlar ulgamyndaky döwrebap programma üpjünçilikleri bar.

Bäsleşigiň ýeňijileri sanly ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynda täzeçil pikirleri we amaly çözgütleri bilen tapawutlandylar. Olar Hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy hem-de diplomlar gowşuryldy. «Sanly çözgüt – 2026» ýaşlaryň ylmy-tehniki döredijiligini goldamakda, milli sanly ekoulgamy ösdürmekde we täze nesil tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda möhüm başlangyçlaryň biri hökmünde çykyş etdi.

Related posts

«Huawei Honor 30» akylly telefony 15-nji aprelde satuwa çykarylar

Ata Watan Eserleri

“Gorogly.com” topary täze “Howamaglumaty.com” taslamasyny hödürledi

«Bir penjire» ulgamynda 14 müňden gowrak şahsy otaglar döredildi