JEMGYÝET

«Arkadag» topary AFK Çempionlar ligasy-2 ýaryşynda 1/8 finala çykdy

Düýn ýurdumyzyň «Arkadag» futbol topary Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň (AFK) «Çempionlar ligasy — 2» ýaryşynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň bäşinji tapgyrynda Bahreýniň «Al-Muharrak» toparyny 4:2 hasabynda ýeňdi. Bahreýniň Riffa şäherinde geçirilen duşuşyk ildeşlerimiziň ynamly ýeňşi bilen tamamlandy we toparymyzyň ýaryşyň 1/8 final tapgyryna çykmagyny kepillendirdi.

Duşuşyk ilkinji pursatlaryndan gyzgalaňly häsiýete eýe boldy. Oýnuň 6-njy minutynda toparymyzyň ýarym goragçysy Ahmet Ataýew hasaby açyp, türkmen toparyny öňe çykardy. 10-njy minutda garşydaş topardan Elliot Simoýnşyň geçiren goly hasaby deňlese-de, 15-nji minutda Daýanç Meredow «Arkadag» toparyny öňe saýlamagy başardy.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda hem toparymyz üstünlikli çykyş etdi. 50-nji minutda Daýanç Meredow öz adyna ikinji goluny ýazdyryp, hasapdaky tapawudy artdyrdy. 63-nji minutda garşydaş topardan Artur Rezende hasaby ýakynlaşdyrsa-da, 69-njy minutda Mekan Saparowyň geçiren pökgüsi ýurdumyzyň çempionyna 4:2 hasabyndaky nobatdaky üstünligi getirdi.

Bu möhüm ýeňşi bilen «Arkadag» futbol topary ýaryşyň 1/8 finalyna möhletinden öň çykmaga hukuk gazandy. Häzirki wagtda 10 utuk toplan ildeşlerimiz «B» toparçada ikinji orny eýeleýär. 3 utuk bilen toparçada üçünji orunda barýan «Al-Muharrak» topary jemleýji tapgyrda ýeňiş gazanan halatynda-da, türkmen toparynyň yzyndan ýetip bilmez.

Toparçada geçirilen beýleki duşuşykda bolsa Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Jazira» topary Eýranyň «Gol Gohar» toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy. Bu duşuşykdaky ýeke-täk goly 40-njy minutda Taliska geçirmegi başardy. Şunlukda, 13 utuk toplan «Al-Jazira» toparçada öňdeligi eýeleýär, 2 utugy bolan «Gol Gohar» bolsa ýaryş tertibiniň soňky basgançagynda barýar.

Toparçalaýyn ýaryşyň jemleýji tapgyrynyň duşuşyklary 9-njy dekabrda geçiriler. Şol gün «Arkadag» futbol topary öz meýdançasynda «Al-Jazira» toparyny kabul eder, «Gol Gohar» bolsa öz ýerinde «Al-Muharrak» bilen duşuşar.

Related posts

Ishak Gersog: Ysraýylyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň açylmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn

Sentýabr aýynda 4 bina ulanmaga berler

Asya-Pasifik Ülkeleri İle İşbirliği Genişletilecek

vepa