Makalanyň adyna tanymal žurnalist diýmelimi ýa-da ezber publisist diýip köp oýlandym. Haýsyny diýseň-de jaý bolup dur. Ýöne ILKINJI diýmegi miwessa bildim. Çünki bu söz onuň metbugatda ilkinji bolup batyrgaýlyk bilen ýurduň ykbalyna, halk durmuşyna degişli wajyp meseläni, ýagny Soýuz atly totalitar imperiýadan aýrylyp, Garaşsyz ýurt bolmaly diýen pikiri orta atandygy üçin mynasypdy.
Täçgeldi Gutlyýew… Bu adyň metbugat sahypalarynda çap edilýän makalalar, çap edilýän kitaplar bilen gyzyklanyp ýören her bir adam üçin tanyşdygyna kepil geçse bolar.
Täçgeldi aga döredijilik meýdanyna heniz Gyzylarbat şäheriniň 26-nji orta mekdebinde okaýarka aýak basypdy. Orta mekdebi tamamlap, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, soňra Sankt-Peterburgyň Ždanow adyndaky döwlet uniwersitetiniň Žurnalistika fakultetinde bilim almagy onuň döredijilik bilen ymykly meşgullanyp, öz ýoluny tapmagyna giň mümkinçilik açypdy.
GARAŞSYLYK ÜÇIN BATYRGAÝ ÄDIM
1983-1990-nji ýyllary T.Gutlyýewiň döredijiliginiň bat alyş döwri hasaplamak bolar. Publisistika žanrynda uly tejribe toplan žurnalist bu döwürde ýurdumyzyň durmuşy, adamlaryň ýaşaýyş derejesi bilen içgin gyzyklanyp ugraýar. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda gazanýan girdejileri, ol girdejileriň halk durmuşy bilen baglanyşygy ýaly düýpli meseleleri öwrenmäge iterýär. Çünki ýerasty, ýerüsti ummasyz baýlyklara eýe bolan Türkmenistan ähli ugurlarda diýen ýaly girdejili döwlet bolsa-da, onuň gazananynyň öz ösüşine täsir etmezligi bu ugurda düýpli derňewleri alyp barmagyň zerurdygyny görkezýärdi. Bu global işi alyp barmak üçin bolsa irginsiz agtaryşlar, gözlegler, deňeşdirmeler, mahlasy kelle döwüp gije-gündiz işlemek, esasan-da batyrgaýlyk gerekdi.
Şu ýagdaýlary oýlanyp, ölçerip, Täçgeldi geçen asyryň aýaklarynda öz işleýan «Edebiýat we sungat» gazetinden işden çykyp, bu meseläni düpli öwrenmeli diýen aýgytly karara gelýär. Sebäbi öňde goýlan meseleleriň düýbüne ýetmek üçin başga bir işe ünsüňi bölmeli däldi, wagt gerekdi. Ýöne ýene-de bir zat – zähmet haky, hojalygy eklemek diýen hem mesele bardy.
Ine, şeýle günleriň birinde Täçgeldi «Derýalar yzyna serpikmeýär, Alla ýetirer» diýen pikire gelip, işden çykýar-da, kagyz-galamy, kitap-depderleri bilen öýüne dolanýar. Bu ýagdaýa birbada Doýduk gelnejemizi howatyrlanýar:
– Çagalary nädip eklemeli? Aýlyk-günlüksiz kyn bolmazmy?..
Täçgeldiň jogaby anyk bolupdy:
– Allaň özi ýetirer.
Täçgeldi üçin öňde goýan maksada ýetmek ilkinji planda durýardy. Ol «Alla ýetirer» diýip, gijesini gündiz edip işledi. Agtardy, dökdi. Dünýä ykdyadyýeti, Ýer ýüzünde ýaşaýan halklaryň durmuşy, erkana ýaşaýyş, Soýuz atly imperiýada gysylyp-gowrulyp ýören Türkmenistanyň hal-ýagdaýy, krizisden çykmak, ata-babalaryň asyrlar boýy özbaşdak döwletli bolmak babatda eden arzuwyna ýetmek, ýurduň öz daban azaby bilen gazanan çöregini ilki özüniň iýmegi babatda kelle döwdi. Birnäçe aý basalykly işledi. Şeýdip ahyry uly zähmetden soň «Soýuz hem garaşsyzlyk» atly makalasynyň nokadyny goýdy.
Indi esasy mesele – makalany metbugatda çap etdirmek meselesi bardy. Soýuzyň höküm sürýän döwründe garaşsyzlyk hakynda pikir gozgamak, ony-da halk köpçüligine ýetirmek gözýetmez ummany öz güýjüň bilen ýüzüp geçmek ýaly bir zatdy. Ýöne öňde duran kynçylyklar Täçgeldiniň badyny togtadyp bilmedi. Ol öňünde goýan maksadyna ýetmek üçin ilki bilen makalasyny 1991-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Ýazyjylar guramasynyň nobatdaky gurultaýyna hödürläp, oňa gatnaşyjylaryň garamagyna hödürlemegi göz öňüne tutdy. Emma oňa ýetişmän, makalasynyň üstünde ýene-de işläp, soňra ony ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlar gazeti bolan «Ýaş kommunist» gazetine eltdi.
Şol döwürde gazetiň redaktory tanymal žurnalist Sapargeldi Hanowdy. Sapargeldi aga täze pikirleri goldaýan, täsinliklere gazetden orun berip bilýän tejribeli ýolbaşçydy. Şeýle-de bolsa, makalany çap etmek üçin aýgyt, töwekgellik gerekdi.
Sapargeldi aga «ýokardan» az-kem ätiýaç etse-de, makalany okap, goldap, ony çap etmeli diýen aýgytly pikire gelýär. Soňra ony redaksiýanyň ähli bölümlerine okadýar. Redaksiýanyň işgärleri makalanyň çap edilmegini biragyzdan goldap, oňa öz gollaryny goýýarlar. Şeýlelik bilen makala 1991-nji ýylyň 16-njy martynda «Ýaş kommunist» gazetinde çap edilýär.
Makala gozgaýan düýpli meselesi babatda türkmen žurnalistikasynda täze sahypany açýar. Awtor ähli rowaçlygyň sakasyny ýurdumyzyň erkinliginde, garaşsyzlygy gazanmagynda görensoň makalasynda garaşsyz ýurtdan ösjek erkin şemalyň başlary sypajakdygyny, raýatlarymyzyň ýaşaýyş durmuşynyň düýpgöter özgerjekdigini nygtaýardy. Türkmenistanyň tutuş halk hojalygyny – senagatdaky, oba hojalykdaky, söwdadaky, transportdaky, gurluşykdaky, saglygy goraýyşdaky, medeniýetdäki we şuňa meňzeş beýleki ugurlardaky gazanan ähli emlägini pula geçireniňde näçä durýandygy babatda pikir gozgaýardy. Nebitimizden, gazymyzdan, pagtamyzdan gazanýan girdejilerimiziň ýele sowrulýandygy hakynda esasly maglumatlary getirýärdi. Ýewropada ilatynyň hem-de meýdanynyň sany boýunça Türkmenistan bilen deňleşip bilmejek Watikan, Monako, Lihtenşteýn, Andorra, Lýuksemburg, Malta, Aziýada Bahreýn, Brunet, Katar, Kipr, Liwan, Maldiwi, Birleşen Arap Emirlikleri, Singapur, Kuweýt, Günorta Amerikada Gaýana, Surinam, Watuatu, Kiribati, Nauru, Patyda… ýaly onlarça döwletleriň özbaşdak durmuşda ýaşap, uly ösüşlere eýe bolýandygyny, ýurdumyzyň öz erkinligini berkarar etse, dünýä döwletleriniň arasynda öňdäki orny eýelejekdigi hakynda jan syzdyryp aýdýardy.
Žurnalistiň makalasy halk köpçüliginiň arasynda uly seslenme döredýär. Makala «Ýaş kommunist» gazetinde çap edilenden ýedi aý soňra Türkmenistan öz garaşsyzlygyna eýe bolýar. Soňra T.Gutlyýewiň publisistik makalasy «Soýuz hem garaşsyzlyk» ady bilen aýratyn kitap görnüşinde çap edilip, okyjylar köpçüligine ýetirilýär. Soňra Eýranda broşýura görnüşinde çapdan çykyp, türk we nemes dillerinde neşire taýýarlanýar.
Halypa žurnalistiň kitabynda gozgaýan meseleleri ýurduň, halkyň wawwaly meselesi bolany üçin okyjylardan gelýän hatlaryň yzy üzülmeýärdi. Geliň ol hatlaryň käbirine nazar salalyň!
«T.Gutlyýew bu işinde wawwaly meseleleriň üstünde durup, türkmen halkynyň koloniýa bolup, Patyşa Russiýasynyň girdabyna düşmegi, totalitar režim döwründäki nogsanlyklar, Türkmenistanyň çig mallarynyň gözgyny ýagdaýda talanyşlyy, ykdysady meseleler giňden öwrenilipdir. Diňe bir öwrenmek bilen hem çäklenmän, degişli teklip etmegi hem başarypdyr. Galyberse-de, işde stalinçilik we durgunlyk döwründe türkmen halkynyň wekilleriniň repressiýa düşmekligi we başga bir böleginiň bolsa öz diýarlaryndan jyda düşüp, köp horluklara sezewar boluşlary birin-birin beýan edilýär».
K.Muhammetberdiýew, taryh ylymlarynyň doktory, professor,
Ý.Orazgylyjow, taryh ylymlarynyň doktory,
O.Ekäýew, taryh ylymlarynyň kandidaty.
***
«Gutlyýewiň biziň baýlyklarymyzyň arzysynyň ýoklugy barada aýdan zatlaryny ikelläp goldasyň gelýär. Arzyly zadymyzy ile berip, arzysyz edýäris. Şulardan görnüşi ýaly, özümiziň bahamyzyň aşak düşmeginde özümiziň ýazygymyz az däl. Käwagt öz baýlygymyzyň ujundan bölünip berlen ujypsyzja zada-da begenýäris» A.Rejebow,
taryh ylymlarynyň kandidaty.
***
«Žurnalist Gutlyýew «Soýuz hem garaşsyzlyk» makalasynda: «Meniň sesim her näçe kiçijik bolsa-da» diýip ýazsa-da, men oňa sesiniň örän belentdigini, bütin türkmen iline ýaň salýandygyny, özüniňem atan okuny nyşana dogry urýandygyny uly höwes bilen buşlaýaryn»
A.Begjikow,
Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy.
Şu ýerde halypanyň ady agzalan kitabynyň neşir edilmegi bilen okyjylardan gelýän seslenmeler hakynda bir walany ýatlap geçmekçi bolýarys.
Şol döwürler žurnalist kärdeşimiz Seýitmämmet Hydyrow «Ýaş kommunist» gazetinde işleýärdi. Bir gün ol Täçgeldi aganyň makalasyna okyjylardan gelen seslenmeleri topla, olaryň ýitip gitmezligi üçin alada edýär. Şeýlelikde, bir diplomat doly seslenmäni Täçgeldi aga gowşurýar.
Bu ýagdaý T.Gutlyýewiň «Soýuz hem garaşsyzlyk» atly eseriniň döwlet garaşsyzlygynyň düýp manysyny açyp, raýatlaryň jemgyýetçilik bähbitlerine bolan gyzyklanmalaryna düýpli täsir edendiginiň bir mysalydyr.
T.Gutlyýewiň «Soýuz hem garaşsyzlyk» atly eseri Garaşsyzlygymyzyň milli köklerini yzarlamakda ylym üçin hem gymmatly çeşme boldy. Meselem, alym Bägül Annabaýewa özüniň «Galkynyşlar eýýamynyň çeper-syýasy, jemgyýetçilik eserleriniň (publisistikasynyň) aýratynlyklary» atly dissertasion işinde T.Gutlyýewiň publisistik eserlerine aýratyn orun berip, onuň ähmiýetini ylmy esasda derňewe saldy. Dissertasiýasynda alym: «Döwlet Garaşsyzlygymyzyň ýyllarynda Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Täçgeldi Gutlyýewiň «Soýuz hem garaşsyzlyk» atly eseri jemgyýet üçin sosial ýadyň güýçli guraly hökmünde döwlet garaşsyzlygynyň düýp manysyny açdy» diýip belläp geçdi.
ŽURNALISTIŇ GALAMYNA BAT BEREN TEMALAR
Türkmenistanyň milli Garaşsyzlygyny gazanyp, ýerasty we ýerüsti baýlyklaryna eýe bolmagy hakyndaky meseläni T.Gutlyýew başga-da birnäçe publisistik eserlerinde gozgamagy onuň öz öňünde goýan işine çuňňur çemeleşýändiginiň beýanydy. Halypa žurnalistiň şeýle eserleriniň biri «Hasaply dost uzaga gider» atly makalasydyr. Türkmenistanyň çäginden alynýan we gazy heniz alynmaýan ýataklar, gaz magistrallary, kompressor stansiýalary hakdaky meseleler bu makalanyň mazmunyny düzýärdi. Aýratyn broşýura hökmünde neşir edilmegi bilen bu publisistik eser «Soýuz hem garaşsyzlyk» eseri ýaly okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn goldaw tapdy. Awtor «Baýlyklarymyza eýelik etsek, her ýylda bizden ägirt köp gaz-nebitiň mugt gitmeginiň öňüni alarys» diýip, möhüm meseläni öňe sürdi.
Publisistikanyň wezipesi jemgyýetçilik-syýasy meseleleri gozgap, onuň oňyn çözülmeginiň ýollaryny seljermek, salgy bermek hem-de aýdyň pikirleri teklip etmekden ybarat. Bu ugurda T.Gutlyýewiň «Türkmenistan üzümler we kişmişler ýurdy bolarmy?» diýen publisistik makalasy aýratyn durlup geçilmegine mynasypdyr. Makala Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren ekerançylyk we üzüm syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň wajyp meselelerine bagyşlanýardy. Onda ähli boz ýerlerimizde, esasan-da çägeli Garagumda suwy we zähmeti az talap edýän, ekologik taýdan örän arassa bereketli üzümi ýetişdirmegiň meselesi gozgalýardy. Bu işe amal edilse türkmen halkyna uly rysgal-döwletiň garaşýandygy anyk deliller arkaly beýan edilýärdi.
Makala awtoryň bu meseläniň maglumatlaryny içgin öwrenendigini aýdyň görkezýärdi. Onda publisistiň tutuş dünýä boýunça oba hojalygynyň ösüş pudaklaryna degişli özboluşly garaýyşlary jemlenipdi.
Awtor turuwbaşdan okyjynyň öňünde «Türkmeniň üzüm, gawun, garpyz, pomidor, hyýar, sogan, sarymsak, limon, alma,erik badam, mekgejöwen ýaly gök-miwe, bakja ekinleriň içinde iň bähbitlisi, ileri tutulyp ekilende döwleti çalt baýatjak haýsyka?» diýen sowaly keserdip goýýar. Bu sowal bilen ömrüni oba hojalyk ekinlerini ylmy esasda öwrenmäge bagyş eden alymlaryň beren jogabyna esaslanyp onup üzümdigini nygtaýar. Awtor makalasynda türkmeniň üzümi ýüzlertçe gektarlap ekmäge ähli zerur potensiýalynyň bardygyny ekerançy alym Annamuhammet Çaryýewiň aýdýandygyny-da belleýär. Bu pikiri öre sürende alymyň ilki Garagumy, şeýle hem damjalaýyn suwaryş arkaly ekip boljak dag baýyrlaryny we ýurdumyzdaky ähli akabalaryň boýlaryny göz öňünde tutýandygyny nygtaýar.
T.Gutlyýew makalasynda «Üzüm gaty girdejili, peýdaly ekin bolmasa, dünýäde üzümçiligiň meýdany 8,3 million gektara ýetmezdi, ýylda takmynan, 60 million tonna üzüm ýygnalyp, 27,3 million tonna çakyr öndürilmezdi, bizden meýdany kiçi Fransiýa häzir 5,5 million tonna, Italiýa 5 million tonna, Ispaniýa 3 million tonnadan gowrak çakyr öndürýär» diýip, üzümiň dünýä ýüzünde ornuny kesgitleýär.
Makalada awtor S.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary A.Ataýew we Ş.Halbaýewiň berýän maglumatlaryna esaslanyp 1 kilogram üzümde bar bolan iýmit serişdeleriniň adama 700-800 kilokaloriýa energiýany, ýagny, bir günde adama gerek ähli kilokaloriýalaryň dörtden birini berýändigini, 1 kilo üzümiň özüniň kalorýalylygy babatda 277 gram çörege, 387 gram ete, 1100 gram kartoşka barabardygyny, 1 kilogram üzümiň gymmatlygynyň 1 litr sygyr süýdüniňkiden ýokarydygy nygtaýardy.
Üzüm temasy žurnalisti hemişe oýlandyryp gelensoň ol bu ugra ýygy-ýygydan ýüzlenip, onuň dürli görnüşiniň ekilmeginiň has uly peýda getirjekdigini beýan etdi. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirliginiň üzümçilik meýdanlaryna baryp, «kärizek» diýip atlandyrylýan üzüm görnüşiniň köpçülikleýin ýygymyna ak pata berendigini özüniň «Bereketli toprak» gazetinde «Gadymy mekanyň üzümi» ady bilen çap bolan makalasynda guwanç bilen belledi.
«MÖHÜM TEMALARA ÝÜZLENMEK – HALKYŇ DÜNÝÄGARAÝYŞYNY ÖSDÜRMEK»
Halypa žurnalist T.Gutlyýew bu sözi ýygy-ýygydan gaýtalaýar. Çünki onuň özi möhüm meseleleri gozgamakda žurnalistlere görelde.
Şeýle temalaryň hatarynda T.Gutlyýewiň türkmeniň tebigy gazy, ak bugdaýy, älem giňişliginde amal eden işi, Türkmen köli, türkmen bedewi, dana akyldar Magtymgulynyň mirasy, türkmen dili ýaly wajyp meseleleri açyp görkezýän makalalaryny görkezmek bolar.
Halypany uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň taryhy we ykdysady ösüşi gyzyklandyryp geldi. Bu ugurda ol «Türkmenistan — beýik gaz döwleti» atly uly göwrümli publisistik makalasyny ýazdy. Onuň bu makalasy uly seslenme döreden işleriniň biridir.
Publisist makalasynda ýurduň energetika garaşsyzlygyny, ätiýaçlyk gorlarynyň dünýädäki ornuny we halkara gaz geçirijiler strategiýasyny seljerdi. Türkmenistanyň dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça öňdäki orunlarda durýandygyny, «Galkynyş» ýaly dünýä derejeli ätiýaçlyk meýdançalarynyň ykdysady ähmiýetini, eksport strategiýasyny – ýurduň diňe bir ugra bagly bolman, Türkmenistan—Hytaý gaz geçirijisi, Türkmenistan—Owganystan—Päkistan—Hindistan hem-de Transhazar taslamalary arkaly dünýä bazaryna çykylyşynyň geosyýasy ähmiýetini beýan etdi.
Makalada Türkmenistanyň beýik gaz ýurduna öwrülmeginiň türkmen halkynyň geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň aýaklarynda nebit-gaz garaşsyzlygy ugrunda ýaýbaňlandyrylan, 20 ýyla çeken ykdysady göreşiniň dabaraly ýeňşidigi aýdylýardy. Awtor makalasynda «Türkmenistanyň beýik gaz ýurduna öwrülmegi Gahryman Arkadagymyzyň Liderlik sypatlary arkaly gazanan ýeňşidir. Bu şanly ýoldaky gazanylan ähli ýeňişler hormatly Arkadagymyzyň diňe bir milli däl, eýsem dünýä Lideri hökmünde hem orta çykanlygy bilen berk baglanyşyklydyr» diýip buýsanç bilen belledi.
Bugday halkymyzyň milli baýlygy, rysgal-çşmesiniň boz bulagy. Bugdaý temasy T.Gutlyýewiň döredijiliginde irki döwürlerde orun alypdy. Ol özüniň «Ak alynly ak bugdaý» aýly publisistik makalasynda bu hakda şeýle ýazýar: «Ak bugdaý barada basa oturyp makala ýazmak žurnalistik ykbalymda, esasan, iki gezek bar ekeni. Olaryň birinjisi baryp 1990-njy ýylda bolup geçipdi. Ikinjisini bolsa, ine häzir ýazyp otyryn. Geçen asyrda çap edilen makala «Alny gara ak bugdaý» diýlip at goýlan bolsa, ine, häzirki makalamyň adyna «Ak alynly ak bugdaý» diýip at berýärin».
Žurnalistiň ak bugdaý hakynda Garaşsyzlykdan öň ýazan ilkinji makalasyna «Alny gara ak bugdaý» diýlip at goýmagynyň özboluşly sebäbi bardy. Çünki ak bugdaýyň watany hasaplanylýan ýurdumyzyň baryp bäş müň ýyl mundan ozalky ekerançylygynda ekilen, orta asyrlarda ymgyr uly meýdanlarymyza tohum sepilen bugdaý soňra geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň aýaklarynda sähelçe ýere ekilipdi. Şol döwürde ýurdumyzda ähli däne ekinleriniň bary-ýogy 70 müň tonnasy öndürilip, şonuň hem diňe bir bölegi ak bugdaýdy. Munuň özi ýurdumyzda azyk baknalygyny döredýärdi.
Žurnalist «Eýsem, häzir nähili?» diýmek bilen, ösüşlere beslenýän döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ekerançylyk ýerlerimize bol hasyl almak üçin ak bugdaý ekilip, ençe ýyl bäri her ýyl gallaçy babadaýhanlarymyzyň Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyrýandygyny buýsanç bilen belleýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýetilýän sepgitler, dünýä derejesinde gazanylýan üstünlikler žurnalistiň döwet galamynyň astynda buýsançly makalalaryň döremeginde hamyrmaýa bolup durýardy. Şeýle makalalaryň biri hökmünde T.Gutlyýewiň «Älemnama» atly publisistik makalasyny ýatlamak bolar.
Makalada 2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermeginde ABŞ-nyň Florida ştatynyň Kanaweral burnundan Türkmenistanyň «TürkmenÄlem 52o E» ilkinji aragatnaşyk hemrasynyň ýurdumyzyň buýurmasy esasynda Fransiýanyň «Thales Alenia Space» kompaniýasynyň taýýarlan kosmiki enjamy «Falson 9» bilen älem giňişligine çykarylandygy baradan söhbet açylýar. Awtor makalasynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp döwrümize badalga beren Milli Lider hökmünde ilden-ile meşhurdygyny, häzirki wagtda bolsa türkmeniň kosmos eýýamyna badalga beren Milli Lider hökmünde ady gülden-güle nagyş bolup, taryha ömürlik ýazylandygyny beýan edýär.
«TürkmenÄlem 52o E» ilkinji aragatnaşyk hemrasynyň işe girizilmeginiň ýurdumyzyň milli ykdysadyýetine, türkmen teleradioýaýlymlaryny alyp görkezmekde bitirýän hyzmatyny, uly çäkleri öz içine alýandygy sebäpli, Türkmenistanyň Ýewropanyň we Aziýanyň alyp eşitdiriji we alyp görkeziji ýaýlymlar üçi n üstaşyr ýurt hökmünde çykyş etmekde maglumat-aragatnaşyk köprüsi hökmünde aýratyn orna eýedigi beýan edilýär.
«Altyn asyryň altyn köli» atly publisistik makalasy T.Gutlyýewiň çuň mazmunly makalasynyň biridir. Žurnalistiň bu makalasynda gyzgyn Garagumyň göwsünde dörän ajaýyp kölüň ähmiýetini açyp görkezýär. Aňňat-aňňat gum depeleriniň arasyndan uzalyp gidýän kölüň balykçylygy, oba hojalygyny ýaýbaňlandyrmakda, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde giň mümkinçilige eýedigi açylyp görkezilýär. Makalada türkmen topragynyň suw känleriniň süýjüligi, dürli minerallara baýlygy, howanyň aram ýagdaýda saklanmagyna ýetirýän täsir, balykçylyk hojalygy bilen bir hatarda pagta we beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmekde giň şertleri döredýändigi dürli mysallaryň üsti bilen beýan edilýär.
Türkmen ahalteke bedewleri halkymyzyň milli baýlygy hem-de buýsanjy. Türkmen halkynyň bedew atlary ýetişdirmek sungaty goja taryhymyzda halk döredijiligi, «Gorkuta ata», «Görogly» ýaly şadessanlarymyza öz aýdyň beýanyny tapýar. Milli Liderimiz «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Atda wepa-da bar, sapa-da» eserlerinde bolsa halkymyzyň atçylyk sungaty taglymat derejesinde ýokary galdyryldy. Tanymal žurnalist T.Gutlyýew şu ýagdaýlardan ruhlanyp bedew atlaryň gymmaty hakynda birnäçe eserleri döredip, milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewleriniň şanyna şan berdi. Şeýle makalalaryň hatarynda onuň «Bagtyýarlyk döwrüniň bedew taglymaty» atly publisistik makalasyny ýatlamak bolar.
Makalada awtor ýurdumyzda atçylyk sungatynyň taglymat derejesinde ýokary galdyrylandygyny, hut şu täze taglymata esaslanyp ösmegi hem türkmen atçylygynyň öň görlüp-eşidilmedik arşy-belentliklere galmagyna ýetirendigini beýan edýär. Awtor makalasynda: «Gahryman Arkadagymyzyň bedew taglymaty diýlende, ozaly bilen, bu taglymata ahalteke atlarymyza diňe bir çapuw, sport, sirk we gözellik bedewleri hökmünde garalmak bilen çäklenilmän, eýsem, Bagtyýarlyk döwrümiziň belent ruhy hökmünde garalýandygyna hem düşünilýär. Adamzat durmuşyna syn etseň, her bir halkyň öz ruhunyň durmuşyna, tebigatyna mahsus bolan gymmatlyklarynyň beýan edýändigini görmek bolýar. Ahalteke bedewiniň Türkmenistanyň Döwlet Tugrasyna salynmagynyň düýp esasynda hem şu hakykat bilen berk baglanyşyk bardyr. Häzirki döwürde behişdi bedewlerimiz taryhy döwrümiziň belent ruhuny beýan etmekde bahasyna ýetip bolmajak taýsyz gymmatlyk bolup orta çykýar» diýip, Gahryman Arkadagymyzyň türkmen atçylygyny ösdürmekde taýsyz tagallalary etmeginiň aňyrsynda uly many-mazmunynyň bardygyny nygtaýar. Makalada häzirki günlerde bedew taglymatyna eýermek bilen türkmen atçylygynyň öz ösüşiniň belent sepgitlerine sary ynamly barýandygy buýsanç bilen beýan edilýär.
Dünýä edebiýatynyň ösmeginde uly hyzmatlary bitiren dana Pyragynyň ismi dillerde sena bolup ýaňlanýar. Magtymgulynyň zybanyndan çykan setirler T.Gutyýewiň döredijiliginiň ganaty diýip aýtmak bolar. Muny onuň dürli ýyllarda dana Pyragynyň mirasyndan ylham alyp döreden makalalary aýdyňlygy bilen görkezýär. Şeýle makalalaryň biri onuň Magtymgulynyň mirasyndan söhbet açýan «Akyldaryň bagtyýarlyk filosofiýasy» atly uly göwrümli işidir.
Makalada agyp-dönüp duran dünýäniň köptaraplydygy, kanunlarynyň köplügi, ony bir sözde, bir goşguda-ha däl, hat-da birnäçe eserlerde-de düşündirmegiň çetindigi, Magtymguly Pyragynyň bu dünýäniň adam şekilli ýüze çykan beýik keşbidigi, eserleriniň şol keşbiň sungatlaýyn açylmasydygy aýdylýardy. Awtor makalasynda: «Şoňa görä-de, dünýäniň taraplarynyň köp bolşy ýaly, akyldaryň şahyrana dünýäsi hem köpgyraňly. Eger bu meselä filosofiýanyň nukdaýnazaryndan garasak, onda şahyryň eserlerinde ähli ugurlaryň, dünýäniň köp ýüze çykmalarynyň filosofiýasynyň bardygyny görmek bolýar» diýip, düýpli pikiri öňe sürýär.
T.Gutlyýewiň bu makalasynyň ylmy-filosofiki häsiýetlidigini nygtamakçy bolýarys. Meselem, ol dana Pyragynyň «Turgul» diýdiler» goşgusy hakynda çuňňur oýlanyp, Erenleriň Magtymgulynyň dünýäsine girip, oňa «Turgul», ýagny «oýan» diýmekleriniň diňe şahyryň oýanmagy bilen baglanyşykly bolman, onuň Magtymgulynyň mysalynda tutuş türkmen halkynyň Pyraga çenli soňky alty-ýedi asyrlyk ukusyndan oýanmaklary bilen baglydygyny beýan etdi.
Awtoryň çuňňur mazmunly bu makalasynda: «Erenleriň Magtymgulyny nähili oýaryşlaryny, Magtymgulynyň bolsa, soňra öz gezeginde halky nädip oýaryşyny biz onuň goşgularynda görýäris. Şahyryň her bir goşgusy diňe dünýä, adam, adamzat, kyýamat, öwüt-ündew, türkmen ýörelgesi baradaky şygyrlar däldir, ol oýaryşdyr. Häzir ol goşgular bütin dünýä siwilizasiýasy babatda oýanyş goşgulary bolup ýaňlanýar. Beýik Magtymgulynyň beýikligi, barha beýgelýänligi we bu dünýä gelmekdäki missiýasy hem şundadyr» diýip, jaýdar belleýär. Makaladaky: «Magtymgulynyň goşgulary hakyky türkmen bolmagyň şygryýetde beýan edilen manifesti. Onuň şygryýeti – türkmen bolmagyň filosofiýasy we ideologiýasy», «Magtymgulynyň goşgulary arkaly halkyň ruhy sözüň doly manysynda gürläp başlady», «Akyldar üçin bagt – şahyrçylykdyr, onuň üsti bilen halka täze ruh bermekdir, halka täze ýol görkezmekdir», «Magtymguly Bagtyýarlyga ýetmegiň guralyny döwlet gurmakda görýär», «Ruhyýet bir Ýer togalagy bolsa, Magtymgulynyň şahyrana dünýäsi onda türkmen halkyny özüne çekip duran Bütindünýä dartylma güýji ýalydyr. Häzirki wagtda bu şahyrana dünýä dünýä halklaryny özüne çekýär» diýen jümleleriň her biri beýik Pyragynyň umumadamzat ähmiýetli mirasy hakynda ylmy-filosofiki garaýyşdyr.
Türkmen dili Ýert togalagynyň dürli ýerlerine ýaýran halkymyzyň milli dili, milli buýsanjy hem-de baýlygydyr. Bu nesilbaşymyz Oguz hanyň, parasatly Gorkut dädäniň, şahandaz Görogly begiň, pir ornunda sözlän Azadynyň, şygyrlary bilen adamzat dünýäsinde uly özgeriş döreden Magtymgulynyň dilidir. Žurnalist T.Gutlyýew «Asal zybanym bar meniň» atly makalasynda türkmen diliniň dünýä giňişliginde gün-günden gerimini giňeldýändigini buýsanç bilen beýan edýär.
Makalada daşary ýurt myhmanlarynyň türkmençe gürleýändigi, dilimiziň şirinligi, bu günki gün türkmen diliniň halkara diline öwrülmäge ugur alýandygy nygtalýar. «Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanyny ele alanyňda, bu döwletli işe täze taglymlaýyn badalgalaryň berilýändigini görmek bolýar. Ozaly bilen hem diliň halkara diline öwrülmegi üçin uly söz baýlyk gerek bolýan bolsa, Milli Liderimiziň bu ajaýyp kitaby bize şol baýlygyň uly gapysyny açyp berýär» diýip, Gahryman Arkadagymyzyň ady agzalan eseriniň türkmen dili bilen gatnaşygy hakynda pikir ýöredilýär. Türkmen dilini öwrenmek boýunça ABŞ-da, Russiýa Federasiýasynda, Hytaýda, Türkiýede, Hindistanda, Ermenistanda, Azerbaýjanda, Täjigistanda, Özbegistanda sapaklaryň geçilýändigi, häzirki döwürde asal zybanymyzyň halkara derejesinde abraýynyň artmagy ugrunda taýsyz tagallalar edilýändigi aýdylýar.
GYSGAJYK SÖHBETDE ULY MANY
Hindi akyldary Oşo «gysgajyk söhbetde-de uly many jemlenýändir. Aslynda pähimdarlar az sözde köp many bermegiň ussatlarydyr» diýýär. Hakykatdan-da muny durmuş subut edip gelýär.
Tanymal rus publisisti Anatoliý Agranowsiý: «Okyjy – okuwçy, publisist bolsa mugallymdyr» diýýär. Munuň şeýledigini T.Gutlyýew publisistik makalalary doly subut edýär. Onuň okuwçylar – okyjylar awuditoriýasy giň. Olar publisistiň döwrüň pulsuna ses goşýan çuňňur mazmunly makalasyndan köp zatlary öwrenýärler.
Ýeri gelende T.Gutlyýewiň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda birnäçe ýyl zähmet çekip, ol ýerde «Ýaş diplomatyň sesi» atly metbugat – internet gazetiniň döredilmegine, gazetiň redaktory hökmünde ýüzlerçe talybyň žurnalistikada adygyp gitmegi üçin tagalla edendigini-de belläp geçmekçi bolýarys.
Halypa žurnalistiň her bir sözi, gürrüňi seniň ýadyňda hemişelik galýar. Ine-de, biz onuň ýaşaýan köpgatly jaýyndaky döredijilik öýünde. Ol ýerde her sapar biziň gürrüňimiz döredijilige, žurnalistika syrygýar. Adatdakysy ýaly ol şeýle gürrüň berýär:
– Durmuşda özüň bolup ýaşamaly. Ykbal garaşsyzlygy diýip bir zat bar. Köpçülikde erkin gürlemeli. Ynsan erkin gürläp bilýän, çykyş edip bilýän, düşündirip bilýän bolmaly.
Yslam dininde Jebraýyl perişde bardyr. Çuňňur seretseň şolam Allatagallanyň habarçysy – žurnalistidir. Allatagalla oňa «Möhüm habary bar, ýetir!» diýýär. Olam Pygamberimize aýdýar.
Žurnalist ýazanda kagyza seredip ýazmaly däl, asmana seredip ýazmaly – Men muny talyplaryma-da diýerdim. Asman – bir uly kagyz, asmana seredip ýazsaň, ony hemme görer. Daşyňyzda ýyldyzlar aýlansyn diýerdim. Magtymgulyny okap görüň, hemme zat onuň daşyndan aýlanyp durandyr diýýän. Ussat «Jebrut äleminde Jeli syryna – Gelip özüň garap görgül diýdiler» diýýändir. Älem, jahan, döwlet, jennet… hemme zat siziň daşyňyzdan aýlanyp duran ýaly bolsun diýýärin. Şonda ýazan zadyňyz janly, filosofiki bolar diýýän. Asmanlaýyn bolar, ýerli bolmaz diýýän.
Žurnalist birinji wezipesi jemgyýetiň aňyýetini üýtgetmeli. Jemgyýete täze aň bermeli. Žurnalistiň 40 kadasy bar, şonuň birinjisi jemgyýetiň aňyny özgertmekdir. Meselem, dünýä belli fransuz akyldary, žurnalist Wolter özüniň eserleri bilen bütin Ýewropa täsirini ýetirip, ýewropa jemgyýetini ukudan «oýarýar». Žurnalist döwletiň, halkyň erkini, görüp bilmeýän zatlaryny beýan etmeli.
Soraýaryn:
– Halypa, žurnalistikada eden işiňiz azym-küjüm däl, okyjylar sizden hemişe çuňňur eserlere garaşýar. Şu wagtky alyp barýan işleriňiz hakynda aýdaýsaňyz!
– Indi birnäçe ýyldan bäri diňe bir türkmen taryhynda, däl dünýä taryhynda aýratyn orny eýeleýän Gyzylarbadyň taryhy bilen gyzyklanyp «Gutnama» atly eser ýazýan. Gut – bagt. Ol gadymy toprakda ýaşap geçenler, belli şahsyýetler, taryhyň sahypalary, umuman gadymy mekanyň aýratynlyklary hakynda gyzyklanyp, ýazgylarymyň nesillere ýadygär galmagy üçin aladalanýaryn.
Siziň aýdyşyňyz ýaly hakykatdan-da, elli ýyl žurnalistikanyň meýdanynda döwnäp, ýazylan zatlar azam däl. Indi men şolary Türkmenistanyň Döwlet arhiwine tabşyrmagy göz öňüne tutýan. Wagt geler, 50-60 ýyldan ylmy iş ýazjaklar, gorajaklar üçin ol çeşme bolar diýip oýlanýaryn. Adamlar ondan dürli işlerinde peýdalanarlar.
Halypanyň öýünden gaýtjak mahalym aňymda aýlanyp duran bir sowaly bermesem ynjalyk tapmajagymy bildim-de oňa ýüzlendim:
– … Onsoň gelnejem şo-ol sapar işiňden çykyp gazanç etmedigiňize nägile bolmadymy?
– Ýok, ol Garaşsyzlyk hakynda başlan işimiň ilkinji goldawçysy boldy.
Atamyrat ŞAGULYÝEW, žurnalist.
