Okyjylarym: «Rejepguly Kerimow hakynda ýazaňokmy?» diýdiler. Begendim, ýöne «ol hakynda näme bilýäň?» diýip öz-özüme sowal berdim. Şol pursat Türkmenistanyň at gazanan artisti halypa aýdymçy Agamyrat Öwezmämmedowyň: «Rejepguly Kerimow bilen kän toýlarda, baýramçylyklar mynasybetli guralan döwlet çärelerinde çykyş etdik. Rejepgulynyň baran ýeri alaýazdy. Onuň adamkärçiliginiň özi her zada degýärdi. Ol Türkmenistanyň halk artisti, öz döreden çopan ýolunyň ussady Nurberdi Gulowyň aýdan aýdymlaryny estrada-da ýerine ýetiren ýeke-täk şägirdi» diýip baha berdi. Hakykatdanam şeýle. Ol aýdymlary häzirki günlerde-de Seýitguly Tülegenow, Dörtguly Kerimow we başga-da birnäçe ýaş aýdymçylar aýdýarlar, ýöne olar Rejepguly Kerimowyň ýoluny dowam edýärler. Hemmämize mälim, Rejepguly Kerimow milli aýdym-saz sungatymyzda öz ýoluny goýan estrada aýdymçylaryň biri.
Anyk ýadymda däl, 1992-nji ýa-da 1993-nji ýyllardady. Şo mahallar paýtagtymyzdaky «Bütinsoýuz halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisi» geçirilýän ýerde döwlet derejesinde uly baýramçylyk geçirilýärdi. Şonda welaýatlarymyzdanam bagşy-sazandalar, tanymal sungat ussatlary gelipdiler. Hatara gurlan ak öýleriň ýanynda guralan sergilere aýlanyp hem aýdym diňläp ýördüm. Birden eslije aralykdan Rejepguly Kerimowyň «Bibiniň» aýdymy aýdýan sesi eşidildi. Ýanymdaky tomaşaçylar: «Rejepguly Kerim aýdym aýdýar, ýörüň-de-ýörüň bolşup onuň sesi gelýän tarapa eňdiler. Menem olaryň yzlaryndan galman bardym. Ol aýdymçyny ilkinji gezek ýüzbe-ýüz diňläp durşumdy, ýöne bary-ýogy iki-üç sany aýdym aýtdy. Şeýle bir aýtdy, ýanynda diňlemek has başgaça täsir etdi. Aýdymyny soňlaýança märeke üst-üstüne diýen ýaly dyklyşyp durdular. Haýran galdym, edil «Mukamyň syry» filmindäki ýaly pursat boldy. Gojaly bagşy bilen aýal bagşynyň ýaryşyndaky diňleýjileriň hereketi göz öňüme geldi. Neresse tomaşaçyny özüne çekip bilýän ussat eken. Her aýdymyň sözlerine görä täsin hereketler bilen aýdýar welin, wäşi artistleriň degişme sahnalardaky çykyşlary ýaly täsir etdi. Diňleýjileriň kalbyna ganat biten ýaly boldy. Tans meýdançasyna çykyp onuň öz sahna hereketlerini gaýtalap böküp ýören tomaşaçylaram bardy. Onuň aýdymlarynyň ölemen aşygy bolup, käbir muşdaklarynyň aýdymyň yşgyndan serhoş bolup, özi duýmazdan tans meýdançasyndaky göçgünli hereketlerini göreniňde-de biparh synlamak mümkin däldi. Ýylgyryş bilen tomaşa edip şeýle bir ruhy lezzet aldyk. Edil şu pursat ýurdumyzyň Baş akademiki drama teatrynyň wäşi artistleriniň bir mahal taýýarlan degişme sahnasy ýadyma düşdi. Şol degişme sahnada (Jaýy jennet bolsun!) Döwlet Gandymow neresse Rejepguly Kerimowyň aýdym ýazgysynyň gapdalynda onuň sahna hereketlerine öýkünip çykyş edýär.
«Derdiňe derman gelin,
Boýnuňy burma gelin,
Seň yzyňda kän entedim,
Gül ýüzüň görmän gelin» diýip soňuny heý, heý, heý, heý diýip telim gezek gaýtalap, he-e-e-e-e-e-e-e… diýip uzak çekip aýdymy jemleýär. Demiň ýeter ýaly däl. Döwlet Gandymowyň demi ýetmän ýere ýykylyp, ýatan ýerinde aýagyny kakyp gaýtalaýan keşbine gülüp-gülüp hezil edip tomaşa edipdik. Şeýle bir ýerine düşen degişme sahnasy. Artist gülkiniň ussady bolany üçin tomaşaçyny güldürmek üçin hasam ösdürip çykyş etdi, ýöne bir tarapdan hakykatdanam Rejepguly Kerimow bolmasaň onuň ýaly güýçli çeküw bilen aýdym aýtmak mümkin däldigini degişmäniň üsti bilen düşündirdi.
Rejepguly Kerimow hemme aýdan aýdymlaryny ýokary derejede aýtdy. Onuň halkymyza miras galdyran aýdymlary kalplardan orun aldy. Her aýdymy ýerine ýetirendäki öz boluşly hereketleri göz öňüňde dur. Hakdan berlen zehindi. Kalby joşgunly aýdymçynyň diňleýjä ruhy ganat berýän ýakymly owazy bar. Şu makalany ýazyp otyrkamam onuň:
«Ak sakgalym sypap segsene barsam,
Agtygmy ataryp çowlugmy görsem,
Alla nesip eýläp Käbede dursam,
Ölsem armanym ýok leýlim, leýlim, leýlim, leýlim, leýlim-leý» diýip, barmaklaryny basyp sanap, soňundanam «segsen bäşimde» diýip aýdan aýdymy gulagymda ýaňlanyp dur. Aýdymyň sözleriniň, sazynyň juda ýerine düşenligine söz ýok, ýöne Rejepguly Kerimem ol aýdymy özi döreden ýaly eýesi bolup ýüreklerde ýaşaýar.
Onuň aýdymlarynda Balkan sebitleriniň gazallaryny ýadyňa salyp duran şowhun, joşgun bar. Öz ýanymdan: «Neresse aýdymyndaky arzuwy ýaly 85-ä ýaşamady welin, näçe ýaşadyka?» diýip, ol barada maglumat gözlemäge girişdim. Onsoň kärdeşim Bägül Nurmyradowanyň «Miras» teleýaýlymynda işlän wagtlary Rejepguly Kerimow hakynda tele gepleşik taýýarlandygy ýadyma düşüp jaň etdim. Ol:
— Rejepguly Kerimow bilen Türkmenistanyň halk artisti Halbike Dowyýewanyň bile aýdan aýdymlarynyň bardygyny hemem Rejepguly aga barada Türkmenistanyň halk artisti Altyn Goşaýewanyň has gowy gürrüň berip biljekdigini aýtdy. Derrew Altyn Goşaýewa jaň aýladym. Halypa aýdymçy:
— Rejepgulyny öň tanamokdym. 1993-nji ýylda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigine gatnaşamyzda tanyşdyk. Soň onuň bilen kän gezek döwlet çärelerinde çykyş etdik. Sada, pes päl, şadyýan, göwni açyk, arassa ýürekli ýigitdi. Ol menden ýaşy uly bolsa-da, teleýaýlymlaň üsti bilen gijiräk tanalyp başlady. Sebäbi Rejepguly öň toý bagşysydy. Men Döwlet edarasynda işlämsoň, teleradioýaýlymlarda köp çykyş edýärdim. 2008-nji ýylda Rejepguly Kerimow Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly ada mynasyp boldy. Şonda ol ýanyma gelip:
— Altyn jan, sen Döwlet işgäri bolup halka hyzmat edip, kiçiligiňden Altyn Goşaýewa bolup tanalyp ýördüň. Men bolsa toý bagşysy bolup toýlarda aýdym aýdyp gezdim. Teleradioýaýlymlarda indi çykyş edip başladym. Onda-da ullakan Döwlet sylagyny sizden öň aldym welin gynanmaň, nesip bolsa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ada sizem mynasyp bolarsyňyz» diýdi. Menem:
— Rejep jan, her kimiň öz nesibesindäki rysgy bolýar. Menden öň şol sylaga mynasyp görlen bolsaň, ol seniň öz nesibäň, gazanan üstünligiň. Gutly bolsun, höwri köp bolsun! — diýdim. Aýdyşy ýaly bir ýyldan soň maňa-da şol uly sylagy almak nesip etdi. «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at berildi. Aýtjak bolýan zadym, Rejepguly sungatyň hakyky eýesi bolany üçin, maňa şol sözleri aýdyp bildi. Hemme adam onuň ýaly sözleri aýdyp bilmeýär. Diňe beýik adamlar «beýige-beýik» diýip bilýär. Neresse Döwlet çärelerinde çykyş etmeli bolamyzda-da:
— Meniň Altyn Goşaýewadan öň çykyş etmäge hakym ýok, ol menden öň tanalýan halypa — diýerdi. Rejepgulynyň gowy aýaly bardy. Täjigül pahyr bilen köplenç jaňlaşardyk. Ol:
— Altyn jan, seniň bilen gürrüňdeş bolsam göwnüm açylýar. Maslahatlaryň ýolumy açýar» diýerdi. Käte telefonda gürrüň edip oturyşymyza bir gulagym gyzaryp giderdi. Görşemizde-de gujaklaşyp görüşýärdik. On iki çagasy bardy. Biri-birinden gowuja çagalar, ýöne uly maşgala bolansoň, durmuşlary ýeňil däldi. Onsoň bir gün Bägüle jaň edip, onuň çagalaryna kömek eder ýaly mümkinçilik sorap haýyş etdim. Şeýdip olaryň uluja gyzyny işe ýerleşdirdik. Häzirem çagalarynyň halyndan habar alyp durýan. Çagalary: «Ejemiň, dädemiň söýeni, Altyn ejeke biz size «käbäm» diýip ýüzlenjek» diýip gujaklaýarlar. Bir oguljygy geçen ýyl «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigine gatnaşdy. Elbetde, ýaryş-ýaryş bolýar, ýeňiji bolup bilmedi, ýöne Rejepgulynyň dowamaty bar. Onuň gyzlaram aýdym, gazal aýdyp toýlarda halka hyzmat edip ýörler — diýip gürrüň berdi. Ondan Rejepguly Kerimowyň uly gyzy Gurbanbibiniň telefon belgisini aldym. Jaň aýlanymdan dogumly sesinden göwni açyklygy bildirip duran zenan salam berdi. Özümi tanyşdyrdym-da, kakasy barada ýatlamalaryny gürrüň bermegini haýyş etdim. Uludan demini alyp: «Wah, dädem jan hakyndamy?» diýip tolgunma bilen dymdy. Dur entek, saňa «gazalçy» diýdiler. Ilki bilen owazyňy eşidip ylham alaýyn. Maňa-da ýekeje bent gazal aýdyp ber! Onsoň gürrüňimizi dowam ederis — diýdim. Jak-jak gülüp: «Onda mähriban käbelemden başlaýyn» diýdi-de:
«Dokuz aýlap göteren,
Giň gujakda ýatyran,
Şu derejä ýetiren,
Jan käbelem ýüz ýaşaň!
Daşaryňda aý görýän,
Bir Allama sygynýan,
Neneň gazal aýtmaýyn,
Ejekem seni gowy görýän» diýip, başlady welin, tüweleme sesi kakasynyň sesinden peslär ýaly däl. Owazy şeýle bir ýakymly eken. Asyl ol kiçilikden kakasy bilen toýlarda aýdym aýdypdyr. Häzir iki ogly, bir gyzynyň bardygyny aýtdy.
— Nirede işleýäň? — diýip gyzyklandym.
— Öň işleýärdim, häzir hiç ýerde işlämok.
— Näme üçin? Ýoldaşyň aýdym aýtmaga rugsat berenokmy?— diýdim.
— Ýok, rugsat berýär, ýöne öň-ä çagalarym kiçi bolasoň işden çykdym. Indem iki ýyl boldy, kyrk ýaşly aýal doganym ýogaldy. Onuňam yzynda ýedi çagasy galdy. Şolara göz-gulak bolýan — diýip ýagdaýyny düşündirdi. Ol kakasyna däde diýýär.
— Men dädemiň ejesiniň at dakylany bolamsoň, «Ejem» diýip dädem meni hasam gowy görerdi. Nirä gitse köplenç ýanyndadym. Kiçilikden bile aýdym aýdardym. Welaýatlarymyzyň ählisinde toýda aýdym aýtdym. Dädem bilen aýdymlaryny gezekleşip aýdardyk. Eýrana ýol açylaýan wagtlarydy. Bir gezek dädem bilen Eýrana toýa gitdik. Ol ýeriň düzgüninem bilemizok. Dädem bilen aýdyma başladyk welin, «bu ýerde zenan maşgala erkek kişileň arasynda aýdym aýtdyrylmaýar» diýdiler. Onsoň men öýde aýallaň arasynda aýtdym, dädem-de daşarda erkek kişileň arasynda aýdym aýtdy — diýip güldi-de:
— Dädem 1955-nji ýylyň mart aýynyň 8-ne Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň Garadegiş obasynda doglan. 2011-nji ýylyň 11-nji fewralynda-da ýogaldy. Dädemden üç ýyl öň ejem ýogaldy. Maşgalamyzyň agyr ýüki dädemiň boýnuna galdy. Ejemiziň ýoklugyny bildirmejek bolup yhlas etdi. 8-nji mart güni bolsa, bizi güldürjek bolup: «Zenanlaň baýramyny bellemesek bolmaz» diýip aramyzda ejemiziň ornunda oturyp baýramçylygymyzy gutlardy hem doglan gününi bellärdi — diýdi.
Dädeň ýarawsyzdymy? — diýip sowal berdim.
— Ýok. Jigim Aýgülüň gyzjagazy bolupdy. Bäbejigini gujagyna alyp öýmüze myhmançylyga gelipdi. Dädem begenip onuň çagajygyny gujagyna alyp oturdy-da, soňam şol gün gan basyşy galyp ýykyldy. 21 gündenem ýogaldy — diýip ýatlady.
Onuň bilen gürrüňdeşligimizden soň Balkan welaýat döwlet drama teatrynyň baş ýolbaşçysynyň orunbasary Durdy Baýramow bilen jaňlaşdyk. Ol:
— Rejepguly Kerimow ilki dogduk obasyndaky mekdepde bilim alýar. Ýaşlykdan mekdepdäki aýdym-saz gurnaklara gatnap aýdym aýdýar. Okuwçy wagtlary «Ýazlarym bar», «Mekdebim», «Etrek», «Bahar nagmalary» ýaly aýdymlary aýdýar. Özi estrada aýdymçysydy, ýöne ol Aşyr Gurbanow, Wary Aýjanow, Nurberdi Gulow ýaly halypalary irginsiz diňläp aýdym-saz dünýäsine girýär. Ol 1972-nji ýylda Gara Seýitliýew adyndaky medeni aň-bilim tehnikumynyň orkestr bölümine okuwa girýär. 1990-njy ýylda estrada aýdymçylaryň arasynda geçirilen «Alagaýyşly» bäsleşiginde, 1993-nji ýylda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde ýeňiji boldy. Soň aýdym-saz örüsi has giňedi. Estrada aýdym-saz topary bilen welaýatlarda, paýtagtymyzda döwlet çärelerde çykyş etdi. Oňa 1994-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 2008-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlar dakyldy. 2000-nji ýylda «Gaýrat» medaly bilen sylaglandy.
Rejepguly Kerimow bilen tanyşlygymyz 1991-nji ýylda ol Balkan welaýat medeniýet müdirligine işe geldi. Öňem onuň aýdymlaryny diňleýärdim. Ýöne şol ýerde ýolbaşçy hökmünde bile işleşdik. Ussat aýdymçylar Nurýagdy Tokgaýew, Atabaý Çarygulyýew, Agamyrat Öwezmämmedow, Daňatar Gurbanow we başga-da kän aýdymçy-sazandalar bilen gatnaşykdadylar. Balkan welaýat medeniýet müdirliginde «Halk döredijiligi we usulyýet merkezi» döredildi. Folklor toparymyz bilen, estrada aýdymçy-sazandalar bilen baýramçylyk dabaralara giderdik. Welaýat häkimligi tarapyndan olaň maşgalasyna Balkanabatdan jaý berildi. Maşgalasy bilen Balkanabada göçüp geldiler. Bagşy Nurberdi aganyň ýanyna köp gatnardy. Özi dutar çalybam aýdym aýdardy. «Ejem bolsa ýanymda», «Atam dälmi», «Sen ýetir», «Köşgünde», «Sonam geldimi», «Sen bolmasaň ýanymda»… başga-da kän aýdan aýdymlary bar.
Bir gezek Ruhyýet köşgünde çykyş etmelidi. Dümewläp, gije gyzgyny galyp ýaramady. Derman getirip berip, göz-gulak bolduk. Halys ýaranok, onsoň oňa:
— Bolmasa, konsertdäki çykyşyňy aýyrdaýaly» diýdik.
— Ýok, maňa şular ýaly döwlet sylagy belensoň, çykyş etmesem bolmaz — diýip göwnemedi. Ýolbaşçy bolup gelemsoň gaty alada etdim, ýöne sahnada ýarawsyzlygyny bildirmän çykyş etdi. Rejepguly bir-ä sözüne bitindi, birem şeýle bir şadyýan adamdy. Onuň birki gyzy toýlarda aýdym aýdýardy. Bir gyzy belli gazalçy. Aýaly görgüli Rejepgulydan öň ýogaldy. Soň özem uzak ýaşamady. Imany hemra bolsun, bendeleň! — diýip gürrüň berdi.
Berzeňňide ýaşaýarkak Rejepguly neressäni iki-üç gezek dükana baramda görüpdim. Tehnikumda okanda kompozitor Baýly Allamyradow onuň mugallymy bolupdyr. «Köp adamda beýle häsiýet ýok. Rejepguly Kerim Döwlet derejesinde uly sylaglaň eýesi bolandan soňam, mugallymyny unutmady. Aşgabada gelse: «Mugallym bilen salamlaşman gitmäýin» diýip öýmüze gelerdi» diýip häli-häzirem ýatlaýarlar. Baýly mugallymlaň öýleri öýmüzden uzakda bolmansoň, gürrüň berip onuň kiçigöwün adamdygyny aýdýardylar.
Rejepguly Kerimowyň gaýyn enesi bilen Türkmenistanyň at gazanan artisti Aşyrgül Täçdurdyýewanyňam ejesi dogan eken. Aşyrgülem Rejepguly Kerimow bilen ähli welaýatlarymyzda, paýtagtymyzda kän baýramçylyk dabaralarda, toýlarda çykyş edipdir. Bu barada ol:
— Onuň bilen bile Çelekende geçirilen Döwlet çäresinde «Seniň ýaryň men bolaýyn» diýen aýdyşyk aýdymy aýdypdyk. Rejepguly Kerimow bilen çykyş edemizde konsert has şowhunly bolýardy. Men onuň bilen medeniýet öýünde bile işledim. Çykyş etmäge gidemizde ýol boýy aýdym aýdyp giderdik. Ol menden ýaşy uludy. Tejribesi has kändi. Bilmeýän ýerlerimizi öwrederdi. Aýdymlaň sözlerinde ýalňyşsak düzederdi. Özem körekenimiz bolansoň, toý etsek ol aýdym aýdyp sowardy. Häzir şahsy arhiwimde onuň bilen çykyş eden ýazgylarymyzyň, toýlarymyzda aýdan aýdymlarynyň wideo ýazgysy bar. Döwlet tarapynda onuň maşgalasyna ulag sowgat berleni ýadymda» diýip ýatlady.
Makalamyň soňuna Rejepguly Kerimowyň şägirdi, ýaş zehinli aýdymçy Dörtguly Kerimowyň ýatlamalaryny-da goşmagy göwne laýyk gördüm. Ol:
— Rejepguly Kerimow dädemiň körpe inisi. Men onuň ýanynda kän gezek gyjak çaldym. Orta mekdebi gutaryp bile welaýatlara toýa gitdik. Rejepguly halypamyň özi dutar çalardy, menem gyjakda sazandarlyk ederdim. Onuň ýanynda sazandarlyk etmek bagtdy, ýöne gaty kyndy. Her aýdymda ýerine ýetirýän täsin hereketlerine görä sazandarlyk etmek aňsat däldi, ýöne hiç mahal maňa bellik aýtmady. Aýdym aýdyp durka käbir ýerlerinde sazandarlyk edişime göwni ýetse, aýdymynyň arasynda: «Berekella» diýip gygyrardy — diýip ýatlady.
Akgül Saparowa.