SPORT

Infantino täzeden FIFA-nyň ýolbaşçylygyna dalaş edýär

Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) ýolbaşçysy Janni Infantino guramanyň öňde boljak ýolbaşçy wezipesi üçin saýlawlara gatnaşmagy maksat edinýär. Bu barada ol FIFA-nyň Wankuwerde geçirilen kongresinde mälim etdi.

Mundan ozal “RMC Sport” telekanaly FIFA-nyň prezidentiniň saýlawlarynyň 2027-nji ýylda Marokkoda geçiriljekdigini habar beripdi.

“FIFA-nyň prezidentligi üçin saýlaw döwri başlaýar. Bu men üçin uly mertebe. Men geljek ýyl geçiriljek FIFA-nyň prezidentiniň saýlawlarynda dalaşgärleriň biri boljakdygymy hemmäňize aýtmak isleýärin” – diýip, Infantino aýtdy.

Infantino 56 ýaşynda, ol 2016-njy ýylyň fewralynda geçirilen nobatdan daşary kongresde FIFA-nyň ýolbaşçysy wezipesine saýlandy. Ol bu wezipede şweýsariýaly Ýozef Blatteriň ýerine geçdi. 2019-njy we 2023-nji ýyllarda Infantino bäsdeşsiz esasda guramanyň prezidentligine gaýtadan saýlandy.

Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) guramanyň ýolbaşçysynyň saýlawlary geçiriljek indiki 77-nji kongresi Marokkonyň paýtagty Rabatda bolar.

“FIFA geňeşiniň tassyklamagyna görä, nobatdan daşary kongres 2026-njy ýylyň 23-nji noýabrynda wirtual görnüşde geçiriler. Onda 2031-nji we 2035-nji ýyllaryň zenanlar arasyndaky dünýä çempionatlaryny haýsy ýurtda geçiriljekdigi barada karar kabul ediler. Geljek ýyl boljak 77-nji kongrese gelsek, ol 2027-nji ýylyň 18-nji martynda Rabatda geçiriler” diýip, Infantino belledi.

Ýene-de okaň

Ronaldo dünýäniň iň köp girdeji gazanýan türgeni

“Bloomberg”: Messi Ronaldodan ýarym ýyl soňra milliarder boldy

Bütindünýä welosiped güni: köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçiriler

Ronaldo Saud Arabystanynyň çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

“Aston Willa” taryhynda ilkinji gezek Ýewropa ligasynyň kubogyny gazandy

Eýranyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna Antalyada taýýarlanýar

Ata Watan Eserleri