SPORT

Futbol taryhynyň iň gymmat goragçysy

Angliýanyň “Mançester Siti” topary Germaniýanyň “Leýpsig” toparyndan horwat goragçy Ýoşko Gwardioly satyn aldy. 21 ýaşly horwat futbolçy bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşyldy.

Gwardiol üçin 90 million ýewro tölendi. Şeýlelikde, ol futbol taryhyndaky iň gymmat goragçy boldy. Mundan ozal, iň gymmat goragçy hökmünde Harri Maguaýr üçin köp serişde sarp edilipdi. “Mançester Ýunaýted” topary Maguaýr üçin 87 million ýewro töläpdi.

Gwardiol Germaniýanyň “Leýpsig” toparyna Zagrebiň “Dinamo” toparyndan geçipdi. Onuň üçin 2021-nji ýylda 18 million ýewro töleg edilipdi.

Related posts

Ramosyň rekordy

Ata Watan Eserleri

“Barselonany” Romanýoli gyzyklandyrýar

55 ýyldan soňra gazanylan ýeňiş

Leave a Comment