MEDENIÝET

Sungata öwrülen alaja

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň  binasynyň mejlisler jaýynda “Mähir siňen nepislik” atly maslahat geçirildi.  Maslahat ýakynda Türkmen halkynyň Milli Lideriniň maşgalasy halypamyz Ogulgerek Berdimuhamedowanyň  agtyklary bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp,  mähriban gaýynenesiniň ören alajasy bilen şol alajany örmekde ulanylýan iş guralyny sowgat bermegi bilen baglanyşykly geçirildi.  Maslahatyň dowamynda eli hünärli ene-mamalarymyzyň her bir işi kämillik, sungat derejesine ýetirişi baradaky söhbetlere giň orun berildi.

Milli mirasymyz bolan alaja işmek, örmek eneden gyza geçip, asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelýär. Alaja türkmen milli mirasynyň ähli hünärleriniň içinden eriş-argaç  geçip, olary has-da bezeýär. Çykyşlarda bu ajaýyp sungatyň maşgalada edep-terbiýeli perzentleriň kemala gelmegindäki ornuna, gymmatyna ýokary baha berildi. Enelerimiziň zähmet siňdirip, sungat derejesine ýetiren alajasynyň gudraty barada söhbetler  edildi.  Alaja  türkmen zenanlarynyň ýürek söýgüsinden, köňül ylhamyndan, mährinden dörän sungatdyr. Maslahatda Ogulabat ejäniň nusgalyk ömür ýoly, mähir siňdirip döreden el işleri türkmen zenanlary üçin görüm-göreldedir, durmuş mekdebidir diýip, çykyş edenler bellediler.

Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary dabaraly maslahatyň şowhunyny has-da artdyrdy. Bu ýerde guralan sergide ene-mamalarymyzyň nusgalyk derejä ýetiren milli gymmatlyklary giň beýanyny tapdy.

Related posts

Türkmen ýaş ussatlary «Baýroýt» halkara festiwalyna gatnaşdy

Abu-Dabide bütindünýä media kongresi geçirilýär

Türkmenistan GDA-nyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVIII forumyna gatnaşdy

Leave a Comment