MEDENIÝET

Türk kino ussatlary Merwiň taryhy ýadygärlikleri bilen tanyşdylar

Şu gün Türkiýe Respublikasyndan gelen kino ussatlary Mary welaýatynda ýerleşýän gadymy Merw medeni we taryhy goraghanasyna bardylar. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Myhmanlara bu ýerdäki Uly we kiçi gyzlar gala barada maglumatlar berildi. Sonra myhmanlar gadymyýetde bu ýerde emele gelen ýaşaýyş şertler bilen tanyşdylar we sardobalara baryp gördüler. Gadymy Merw beýik şahsyýetleriň ýaşap geçen topraklary hasaplanýar. Myhmanlar Hoja Ýusup Hemedanynyň, şeýle hem sahabaleriň guburlaryna zyýarat etdiler.

Gezelenç Soltan Sanjaryň mowzaleýiniň öňünde gurnalan sergi bilen dowam etdi. Bu ýerde gurnalan sergide myhmanlar türkmen milli tagamlary we olaryň taýýarlanyşy bilen tanyşdylar. Olaryň hatarynda pişme, tamdyrlama, palaw ýaly tagamlar bar.

Esasanam, çöl şertlerine laýyklykda ýörite gurnalan ýerde, myhmanlar gömme işlekliniň taýýarlanyşy bilen tanyşdylar. Bu tagamdan dadyp gören myhmanlar, oňa ýokary baha berdiler.

ergi myhmanlary türkmen milli senetçilik önümleri we olary ýasalyşy bilen tanyşdyrmak bilen dowam etdi. Bu ýerde türkmen milli erkek lybaslary bilen tanyşdylar. Dutar saz guraly myhmanlaryň aýratyn ünsüni çekdi. Bu ýerde türkmen we türk heňlerini ýerine ýetirip gördüer. Sergidäki türkmen gelin-gyzlaryň taýýarlan haly önümleri we olaryň şaý-sepleri myhmanlaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Türk kino ussatlary özleriniň taryhy filmlerinde türkmen milli gymmatlyklarynyndan peýdalanýandyklary we indiki surata düşüriliş pursatlarynda ony has-da giňeltjekdiklerini bellediler.

Soňra myhmanlar Soltan Sanjar kümmeti we onuň döreýiş taryhy bilen tanyşdylar.

Ýene-de okaň

Tokioda türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär