SPORT

Ýaponiýaly Kodzo Tasima FIFA-nyň prezidentligine dalaşgärligini resmi taýdan hödürledi

Ýaponiýanyň Futbol assosiasiýasynyň ozalky ýolbaşçysy Kodzo Tasima Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidentligine geçiriljek saýlawlara gatnaşmak üçin resmi arza berdi.

Bu barada Reuters habarlar agentligi Ýaponiýanyň Asahi teleýaýlymyna salgylanyp habar berýär.

FIFA-nyň prezidentligi ugrunda bäsdeşlik

Habarda bellenilişi ýaly, Kodzo Tasimanyň dalaşgärligini bäş sany milli futbol federasiýasy goldady.

16-njy noýabrda Fransiýanyň Futbol federasiýasynyň prezidenti Filipp Diallonyň hem FIFA-nyň prezidentligine dalaşgär bolandygy mälim edildi.

Häzirki wagtda FIFA-nyň prezidenti wezipesini şweýsariýaly Janni Infantino eýeleýär.

Kodzo Tasima barada

68 ýaşly Kodzo Tasima 2016–2018-nji ýyllarda Ýaponiýanyň Futbol assosiasiýasynyň prezidenti wezipesinde işledi.

Ol 2015-nji ýylyň aprel aýyndan bäri FIFA-nyň agzasy bolup durýar.

FIFA-nyň prezident saýlawlary 2027-nji ýylda geçiriler

56 ýaşly Janni Infantino 2016-njy ýylyň fewral aýynda geçirilen FIFA-nyň nobatdan daşary kongresinde guramanyň prezidenti wezipesine saýlandy.

Soňra ol iki gezek bäsdeşsiz ýagdaýda gaýtadan prezidentlige saýlandy.

FIFA-nyň nobatdaky prezident saýlawlary 2027-nji ýylyň mart aýynda Marokkoda geçiriler.

Related posts

Messi Peläniň rekordyny täzeledi

Ata Watan Eserleri

Futbol taryhynyň iň gymmat goragçysy

Iňlis türgeniniň dünýä rekordy