DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Polşa migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasaty, Türkmenistanyň migrasiýa ulgamynda, şeýle hem dünýäniň abraýly halkara guramalary we olaryň düzümleri bilen durmuşa geçirýän ähmiýetli işleri, ýurdumyzyň toplan oňyn tejribeleri barada nygtalyp geçildi.
Geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar şeýle hem yzygiderli iş duşuşyklarynyň geçirilmeginiň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmek hem-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin täsirli gural bolup durýandygyny nygtadylar.
Taraplar hyzmatdaşlygyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklarynyň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň dostlukly gatnaşyklarynyň ösüşinde halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň orny barada hem aýratyn nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň Polşa Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň barha giňeýändigini barada aýdyp, migrasiýa babatda gatnaşyklary has-da ösdürmegiň ugrunda degişli işleriň alnyp baryljakdygyny bellediler.

Related posts

Tunisiň ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

Türkmenistan bilen Wýetnamyň arasyndaky söwda hyzmatdaşlygy ösdüriler

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýa+Ýaponiýa sammiti Astanada geçiriler