ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Şyhmyrat Annamyradow: öz işiniň ussady

Öýleriniň diwaryndaky uly portret surata gözüm düşenden:

— Gelneje, bu surat Şyhmyrat aganyň suratymy? — diýip soradym.

— Hawa, 1997-nji ýylda oňa «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly at berildi. Şonda şa serpaýynyň gowşurylan pursadyndaky foto  suraty. 2006-njy ýylda-da «Ýoly türkmeniň» atly filmi üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Şeýle hem şol filmi 1996-njy ýylda Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň Baş baýragyna mynasyp boldy — diýdi. Şyhmyrat aganyň suratdaky keşbini synlap durşuma:

— Men bu ýaşulyny kinostudiýa baranymda görýärdim, ýöne onuň Şyhmyrat Annamyradowdygyny bilemokdym. Ýogsa ony ilki bilen şahyr Annasoltan Kekilowa hakynda surata düşüren «Ömrüzaýa ýyldyzym» atly dokumental filminiň üsti bilen gaýybana tanaýardym — diýip, söhbedimizi dowam etdik.

Şyhmyrat aga maşgalasy üçin öte hözirli bolandyr, ýogsa onuň ýanýoldaşy munuň ýaly ýatlamaz. Dursun gelnejäniň gözüni ýaşlap Şyhmyrat aga hakynda aýdýan gürrüňlerinde hiç-hili ýasamalyk duýmadym. (Gelneje Şyhmyrat aga Myrat diýýär).

— Adamkärçiligiň ähli gowulyklaryny jemläp sanaw düzseňiz, olaryň hemmesi Myratda jemlenendi. Men onda ýekeje-de erbet häsiýet görmedim. Myrat ýarym ýyldan gowrak düşege baglanyp ýatdy, ýöne ondan öňräk ýarawsyzlyk tapan bolmaly. Aýtmady, gaty erbet horlandy. Onkologiýa keseli bilen keselläp, keseli güýçli geldi.

Myradyň ömrüniň iň soňky pursadynda başujunda oturyp:

«Yzyňy gaýgy etme. Başym dik bolsa, çagalaryň agzybirligini saklan, ojagyňy abraý bilen abat saklaryn» diýip, men oňa söz berdim.

Bir ogul, bir gyz perzendimiz bar. Olaryň hiç biriniň öýli-işikli bolanyny Myrat görüp bilmedi. Çagalarym ýokary bilim alyp, gijiräk durmuş gurdular. Häzir oglumyzdan iki agtygymyz, gyzymyzdan bir agtygymyz bar. Oglumyz Kazan şäherindäki medeniýet institutynda dizaýnerlik hünärinden, gyzymyz oba hojalyk ugrundan ýokary bilim aldy. Gelnimizem ýokary bilimli hünärmen. Hemmesi öz saýlap alan hünärlerinde işläp ýörler. Oglumyzyň ýokary okuwy gutaryp diplomyny alyp gelenini Myrat gördi, ýöne olaryň häzirki agzybirje maşgala durmuşyna guwanyp bilmedi.

Men oglumyzyň aklawjy bolmagyny arzuwladym. Myrat oglumyzyň režissýor bolmagyny isledi.

Özüm barada aýtsam ilki mugallymçylyk uçilişäni, soňra Lebabyň mugallymçylyk institutynyň rus filologiýasy fakultetini tamamladym. Häzir pensiýada.

Şükür kem zadymyz ýok, diňe bir ýetmezçiligimiz Myradyň ýoklugy. Aramyzda gezip ýören bolsa şu ýyl Myrat 70 ýaşamalydy. Ol 1956-njy ýylyň 6-njy maýynda öňki Krasnowodsk häzirki Türkmenbaşy şäherinde doglan. 2014-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda-da dünýeden gaýtdy. Öňräk internet sahypasynda kinorežissýor Hojaguly Narlyýew bilen taýýarlanan söhbetdeşlige gabat geldim. Şonda Hojaguly aga birnäçe kärdeşleri bilen birlikde Myradyňam adyny tutup ýatlady. Begendim. Soň ýene internet sahypasynda kimdir biri Myradyň surata düşüren filmlerinden bölekleri goýup ýatlapdyr. Öz ýanymdan hem aglap hem begenip monça boldum. Sebäbi Myrat ömrüni sungata bagyş edenleň biri. Men onuň işine nähili berlendiniň gözli şaýady boldum. Işden gelende öňünde naharyny taýýarlap goýanymda-da:

«Biraz garaşyň, men oglanlara söz berdim. Häzir olaryň haýyşyny bitireýin» diýip, gelşine egin-başlaryny çalyşman, toplan arhiw maglumatlaryny gözden geçirip, iş otagynda birnäçe sagatlap işläp oturýardy. Ol işe gezek gelende açlygyny-suwsuzlygyny duýmazdy. Özem edýän işleriniň kemini goýmajak bolup sünnäläp-sünnäläp gözden geçirerdi. Kärdeşleri bilen pikir alşyp oturardylar. Men onuň hiç mahal sesini gataldyp ýa-da paýyş sözler bilen gürlänine duşmadym. Şeýlebir mylaýym, ýumşak häsiýetlidi. Adalatlydy, kanagatlydy, ýuwaşdy. Kimdir birinden göwni galan bolsa-da, içine salyp oturardy. Işläp ýörkä sag tarapyndan insult geçirdi. Şonda çep elinde hat ýazýaram welin, hatynyň şol owadanlygydy. Onda-da iş ýerindäkiler:

«Elde ýazyp kösenmesin, kompýuterde ýazyp getirse-de bolar» diýip ylalaşdylar. Onsoň konspektlerini özüm ýazyp kömekleşdim. Myrat köplenç rusça ýazardy. Menem onuň ýazanlaryny türkmen diline terjime ederdim. Ol:

«Çagalarymyz bilen öýde türkmençe gürleşeli, men öz ene dilimi bilmän kösendim» diýerdi — diýip ýatlady. Dursun gelnejeden Şyhmyrat aganyň surata düşüren filmleri hakynda soradyk.

— «Iň soňky taýmylçy» atly filmini surata düşürende menem ýany bilen gitdim. Filmi Gyzylsuwda surata düşürdiler. Türkmen taryhynda bolup geçen taýmyl ýörişi hakynda gürrüň berýän film. Şol ýörişe gatnaşan taýmylçylardan ýekeje adam galypdyr. Olam ýaşuly adamdy. Ot ýaly gyzgyn howada şol ýaşulynyň deňizçileriň eşiginde surata düşürilişini görsediňiz. Gaýta-gaýta surata düşürilensoň, ýaşuly gaty ýadady. Myradyň özi bolsa, ýadawlygyndan surnugyp gitdi, şonda-da dynç almak hakynda pikirem edenokdy. Işine şeýlebir berlendi.

Şol filmi 1994-nji ýylda Amerikanyň Birleşen şdatlarynyň Linkoln medeni merkezinde bir ýylyň dowamynda tomaşaçylara görkezildi.

Myradyň «Daş maňlaý» atly filmi 1991-nji ýylda Fransiýanyň Andžeý şäherinde geçirilen «Primeýer Plan» atly Halkara kinofestiwalynda Gran Pri baýragyna mynasyp boldy — diýip, onuň filmleriniň daşary ýurtlarda alan baş baýraklarynyň şahadatnamasyny hemem başga-da arhiw maglumatlaryny öňümizde goýdy. Soňra-da:

— Myradyň özi bar wagtynda kän dostlary öýe gelerdi. Ýusup Kulyýew, Öwez Welmyradow, Muhammet Garakişi, Ýazmyrat Şadurdyýew başga-da kän kärdeşleri dogan ýaly gatnaşýardylar. Indi özi bolmansoň, gelmäge çekinýän bolmaklary mümkin, belkäm iş bilen elleri degýän däldirler, bilmedim. Myradyň hatyrasy üçin onuň gatnaşyk saklan maşgala ojaklary bilen gatnaşygymyzyň dowam bolmagyny isleýän — diýip gürrüň berdi.

 

Gürrüňdeşligimiziň arasynda arhiw ýazgylara çalarak göz aýladym. Şyhmyrat Annamyradow ilki oba mekdebinde başlangyç bilimi alýar. Soňra häzirki Türkmenbaşy şäherindäki Himiki-tehnologiki tehnikumda elektrik hünäri ugrunda okaýar. Türkmenbaşy şäherindäki Gurluşyk materiallary zawodynda elektrik bolup zähmet ýoluna başlaýar. Soň harby gullukda bolýar. Gullukdan soňra-da Alty Garlyýew adyndaky «Türkmenfilm» kinostudiýasynda zähmet ýoluny dowam edýär.

Maglumatlaryň arasynda Şyhmyrat Annamyradowyň Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy Gurbanjeren Meredowa bilen iş pursadynda bile düşen foto suratyna gabat geldik. Onsoň Gurbanjeren gelneje  bilenem söhbetdeş bolduk. Ol:

— Şyhmyrady süýtdeş jigim ýaly görýärdim. Onuň bilen 20-den gowrak filmde bile işleşdik. Birnäçe filmleriň redaktory boldum. Käbirleriniň ssenarisini ýazdym. Milli gymmatlyklarymyzyň waspyny ýetirýän «Jenneti şaý-sepler» atly dokumental filmi Şyhmyrat Annamyradow bilen surata düşürdik. Onuň bilen işleşmek örän gyzykly hem täsirli. Ilki bilen onuň belent adamkärçiligi hakynda aýdasym gelýär. Ol az gürläp köp işleýärdi. Onuň şol häsiýetiniň özi nusgalykdy. Surata düşürilmegi meýilleşdirilen filmler hakynda onuň bilen ýerlere gidip ýa-da ýurdumyzyň döwlet arhiwinden düýpli maglumatlary topladyk. Şahyr Annasoltan Kekilowa hakynda surata düşüren dokumental filmine maglumat gözlänimizde şahyryň guma garylyp giden goşgularyny, dälihananyň diwarlaryna ýazan goşgy setirlerini bile gidip surata düşüripdik. Sebäbi şol filmde Annasoltanyň goşgularyny, içgepletmelerini men okadym, ýöne tomaşaçylar Annasoltanyň öz sesi diýip kabul etsinler diýen pikir bilen filmiň soňunda adym görkezilmedi. Elbetde, filmiň hemme parçalary ýaýlyma berilmedi. Emma ol pursatlaryň ýatlamalary hakydamdan gidenok. Şahyryň akja kebelek bilen gürleşip ýazan goşgusyny okan pursadymy ýatlanymda häzirem gözüme ýaş aýlanýar. Şol filmi surata düşürmek Şyhmyrat üçin has agyr düşdi. Onuň şahyryň agyr ykbalyna ýüregi bilen gynanyp, içki dünýäsi bilen pikir alşyp ümsüm oturan pursadyny synlamagyň özi nähili kyndy. Şyhmyradyň her bir eseri surata düşürendäki içki pikirini gözlerinden okabermelidi. Edýän işini sünnäläp-sünnäläp ýerine ýetirerdi. Harsallyga ýol berenokdy. Ilki eseri okap şol hakynda maglumat baryny ýygnap, olary pugta öwrenmän filmi surata düşürmäge girişmezdi. Şonuň üçin onuň surata düşüren filmleriniň birnäçesi uly baýraklara mynasyp boldy. Onuň filmleri Orsyýetde, Amerikada, Fransiýada, Finlýandiýada, Eýranda, Azerbaýjanda  geçirilen halkara kinofestiwallara we gözden geçirilişlere gatnaşdy — diýdi.

Soňra Şyhmyrat Annamyradowyň ýakyn dosty, žurnalist hem aktýor Ýusup Kulyýew bilen söhbetdeş bolup, onuň Şyhmyrat aga barada aýdanlaryny ýazgy etdik:

— Men Şyhmyrat Annamyradow bilen 1976-njy ýylda tanyşdym. Şo wagtlar onuň Alty Garlyýew adyndaky «Türkmenfilm» kinostudiýasyna işe geläýen wagtlarydy. Ol Moskwa şäherindäki Sergeý Gerasimow adyndaky Bütinsoýuz döwlet kinematografiýa institutynyň režissýorlyk bölüminde bilim aldy. Ilki ol hünär mugallymy meşhur «Dewçata» filmiň režissýory Ýuriý Çulýukiniň elinde okaýar, ýöne üçünji kursda okap ýörkä Çulýukin aradan çykýar. Şol sebäpli soňra ol belli kinorežissýor Igor Wasilýewiç Talankinden tälim alýar. Şu ýerde okyjylara düşnükli bolar ýaly bir zady aýdasym gelýär. Film surata düşürilen wagty bilen önümçilige goýberilen wagtynyň arasynda bir ýyl töweregi tapawut bolýar. Käbir ýazgylarda filmiň soňundaky ýazylan  ýyl senesi ulanylýar, käte bolsa, filmiň surata düşürilip başlanandaky senesi bilenem aýdylýar.

1976-njy ýylda Türkmenistanyň halk artisti Ilmyrat Bekmiýew çagalar üçin «Sähediň tomsy» atly filmi surata düşürýärdi. Şyhmyrat Annamyradow şol filmiň assistenti boldy. Onuň şeýlebir adamkärçiligi gowudy. Şonuň üçin soň men Türkmenistanyň halk artisti Halmämmet Kakabaýewiň surata  düşüren «Laçyn» atly filminde surata düşmäge baranymda-da: «Şyhmyrat halypa gelenokmy?» diýip gözledim.

Ol işine juda ökdedi. Moskwa okuwa gidende-de öz yhlasy bilen okuwa girdi. Onuň haçan görseň eli kitaplydy, diýseň köp okaýardy.

Halmämmet aganyň «Lenfilm» kinostudiýasy bilen bilelikde surata düşüren «Gizlin ilçi» atly filminde surata düşenimde Şyhmyrat halypa bilen bir otagda ýaşadyk. Şol filmde ol ikinji režissýor boldy. Kinorežissýorlar Ýazgeldi Seýidowyň surata düşüren «Garagum reportažy», Kakow Orazsähedowyň surata düşüren «Köýten nalasy», Anatoliý Karpuhiniň harbylaryň durmuşyndan surata düşüren «Ofiser walsy» atly filmlerinde bolsa, Şyhmyrat Annamyradow režissýoryň kömekçisi  boldy.

Sebäbi ýokary okuwyny gutaryp gelende-de, birbada oňa özbaşdak çeper filmi surata düşürmek ynanylmady. 1934-nji ýylda Moskwadan birnäçe ýazyjylar Türkmenistana gelýär we  türkmen kärdeşleri bilen pikir alyşýarlar. Şol duşuşyklaryň täsiri esasynda olar birnäçe eser döredýärler. Andreý Platonowyň «Takyr» atly hekaýasy esasynda kinorežissýor Bulat Mansurow «Gyrnak» filmini surata düşürdi. Türkmeniň durmuşy hakynda ýazylan eser bolansoň täsirlenip, Şyhmyrat Annamyradow hem kino önümçilige goýbermek maksady bilen Andreý Platonowyň «Jan» powesti boýunça film surata düşürmek üçin teklip etdi. Emma onuň bu teklibini kinostudiýanyň çeperçilik topary birbada oňlamaýar. Şol esere film surata düşürmegi ýaş hünärmeniň derejesinden ýokary hasaplaýarlar. Şyhmyrat halypa diplom işi üçin balykçylaryň durmuşyndan gürrüň berýän rowaýat esasynda «Jan» atly filmi surata düşürýär. Film onuň ilkinji özbaşdak işi bolsa-da şowly çykýar.

Ol 1984-nji ýylda ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlansoň, Alty Garlyýew adyndaky «Türkmenfilm» kinostudiýasyna işe geldi. Şo mahallar ol ýerde özbaşdak filmi surata düşürmek üçin ýörite nobata durulýardy. Haçan nobatyň ýetse onsoň işe girişmelidi. Ýaş hünärmen bolansoň, Şyhmyrat Annamyradow hronikal-dokumental filmleriň režissýory wezipesinde işlemeli bolýar. Bu bölümde surata düşürmäge iş kändi.

Onuň aýratyn bir has şowly çykan çeper filmi bar. Ssenarisini Şyhmyrat Annamyradow Iwan Birýukow bilen bilelikde ýazdy. Filmiň operatory Muhammet Gulow, kompozitory Rejep Rejebow. Filmiň önümçilikden çykan senesi 1989-njy ýyl. Filmiň dowamlylygy 26 minut. «Daş maňlaý» atly surata düşüren gysga metražly bu çeper filmi 1989-njy ýylda Fransiýanyň Awinone şäherinde geçirilen kino festiwalynda Gran-pri (baş baýraga) mynasyp boldy.

Eseriň wakasy gysgajyk şeýleräk: Baş gahryman suw ulagyny sürýän Tahyr atly sürüji ýigit ýolda bir goçuň owlagyny tapýar. Şol owlagy öýüne getirip idedip ulaldýar. Soňra owlak goç bolup ýetişensoň, ony türkmen toýlarynda guralýan goç urşuna gatnaşdyryp başlaýar. Her gezekki toýdaky göreşde bu goç baýraga mynasyp bolýar. Şeýlelik bilen goçuň eýesi baýap ugraýar. Ýöne baýlygyny göternip bilmänsoň, onuň häsiýeti düýpgöter üýtgäp şerap içgilerine baş urýar. Filmiň baş gahrymany Tahyryň rolunda Türkmenistanyň halk artisti Çary Işangulyýew surata düşdi. Şahlary burum-burum goç sürüleriniň känligi üçin film Kerkide, Gökdepäniň dag eteklerinde  surata düşürildi. Bu filmiň aýratynlygy haýwanlaryň üsti bilen adam häsiýetine mahsus häsiýetiň inçelik bilen tomaşaça ýetirilmegi. Iň soňky tutluşykda goç öz owlagy bilen göreşe çykarylýar. Haýwan bolsa-da owlagy aňyrdan mäläp gelende onuň gözünden, mäleýşinden öz owlagydygyny tanaýar. Şeýlelik bilen ol öz owlagyny süsmäge bogny çatmaýar we owlagyndan ýeňilýär. Şyhmyradyň şol filmi ýokarda aýdyşymyz ýaly Fransiýada geçirilen halkara bäsleşikde baş baraga mynasyp boldy. Şondan soň ony «Mosfilme», «Gazakfilme» işe çagyrdylar, ýöne ol gitmedi. Sebäbi ol hiç mahal baýlyga kowalaşmaýardy. Iň soňky puluny sorasalaram «ýok» diýýän adam däldi. Eli açykdy. Sada oglandy.

Ol filmi surata düşürende özüçe işlemäge, döretmäge, kadrlary başga biriniňkä meňzetmezlige, eden işiniň kemini goýmazlyga çalşardy. Özem filmi surata düşürýän pursady alýan kadrlaryny sünnäläp alardy. Montaž edýän wagty hiç howlukmazdy. Annasoltan Kekilowa hakynda surata düşüren filmini montaž edende ýanynda bolupdym. Gijäniň bir çene baran mahalynda-da öýüne gitmän, dynç alman işläp oturan keşbi göz öňümde dur. Onuň işine bolan şeýle yhlaslylygyny eden işleriniň netijesinde görüp bolýar. Annasoltan Kekilowa hakyndaky dokumental filmi tomaşaçylar tarapyndan ýokary derejede garşylandy.

Şyhmyrat Annamyradowyň 1948-nji ýylyň ýer yranmasy hakynda surata düşüren «Garaňky gijeden soň daň atdy» atly dokumental filmi hem diýseň şowly çykdy. Filmde Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Annaberdi Agabaýewiň tolgundyryjy, duýgulandyryjy goşgularyny hemem kino arhiwlerinden gymmatly kadrlary gözläp tapyp ýerlikli ulanmagy, janly görnüşdäki pursat ýaly täsir edip, filmiň şowly çykmagynda uly ähmiýet beripdir. Ol haýsy bir dokumental filmi surata düşürmezinden öň ol barada düýpli maglumatlary öwrenerdi. Esasy ssenarini okany bilen oňmazdy. Ýurdumyzyň döwlet arhiwinde oturyp kän maglumatlary toplap ondan soň surata düşürmäge girişerdi —  diýip gürrüň berdi.

Özüni ýüzbe-ýüz görüp gürrüňdeş bolanyň ýatlamalary has täsirli bolýar. Zehinli kinorežissýor Şyhmyrat Annamyradow hakynda gürrüň bermegini haýyş edip onuň kärdeşleriniň ýene biri Ýagmyr Türşekow bilenem jaňlaşdyk. Ol:

— Halypa kinorežissýor Şyhmyrat Annamyradowyň özüni alyp barşy ýaýlyp ýatan umman ýaly sähra giňişligini ýadyňa salýar. Döredijilige gezek gelende welin, ol göýä ummanda bir uly gaý turup, möwç urýan ýalydy. Onuň ýiti zehininden joşup çykýan sungat eserleri tomaşaçysyny özüne çekmegi başarýardy. Meniň pikirimçe dokumental filmi döretmekde onuň öňüne geçip bilýän ýokdy.

Kinonyň sepleýiş döwründe, ol aňynda geçýän wakalary şekile geçirjek bolup, ejir baryny çekerdi. Onuň ukyp-başarnygyndan tehniki enjamyň ýerine ýetirýän işi pes gelýärdi. Ol halkymyzyň ähli milli gymmatlyklaryny, şöhratly taryhyny jikme-jik beýan etmäge çalşardy. Eseriň ýekeje ýeri göwnüne laýyk bolmasa şol işi dowam etmezdi. Göni kitaphana ýa-da döwlet arhiwine ylgardy. Birgiden maglumatlary toplap gelerdi.

Şyhmyrat mugallym Türkmen döwlet medeniýet institutynda «şekil almagyň çeper bezegi» dersinden okatdy. Şo mahallar ol «Türkmen iti» atly dokumental filmi surata düşürýärdi. Şonda onuň iş stolunyň üstünde türkmeniň alabaý iti barada ýygnan maglumatlaryny görüp haýran galdym. Şonça maglumatlary öwrenip çykmak üçin, tutuş kino surata düşüriş möhletine barabar wagt gerekdi. Ol bolsa, iş bilen okuwy utgaşykly alyp barýardy. Sapak wagtynda talyplara kinonyň inçe tilsimlerini öwretse, filmi surata düşürýän pursatlarynda-da ýanyndan aýyrman, tejribämiziň artmagyna ýardam bererdi. Öwredende sada dilde düşündirip, sungatyň açylmadyk syrlaryna tarap alyp giderdi.

2012-nji ýylda Annaberdi Sylabowyň edebi esasy esasynda ilkinji kino goýujylyk işimi Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde surata düşürmek  ynanyldy. Eseri okap çykdym. Awtor bilen oturyp, pikir alyşdyk. Kelläme bir pikir geldi. Ilki halypam Baýram Abdyllaýew bilen maslahatlaşdyk. Ol pikirimi oňlady. Soňra Şyhmyrat halypanyň ýanyna bardym.

 

— Mugallym, maňa bu işi ynandylar. Synanyşdym, gözledim, ýöne barybir siziň maglumatlaryňyzdan aňryk geçmek başartmady. Bu işi bitiräýsemem, birhili özümi ynjalykly duýup biljek däl. Siz maňa eden işiňizi berip, «Bar, inim, öz adyňy goýaý» diýen ýaly bolýar. Şonuň üçinem alabaý itiniň çeper keşbini döredip, onuň türkmen ojagynda kemala getirilişini, öz eýesine, hojalygyna bolan yssy mährini, wepasyny asyl häsiýetinde açyp görkezmek pikirim bar — diýdim. Ol:

— Dogry pikir edýäň. Şol bir zadyň niresinden barsaňam, gaýtalama bolýar. Sungatda öz ýoluňy tapyp, öz möhrüňi goýmak esasy zat. Birine meňzejek bolsaň, ol bolmaz, özüň bolmaly — diýip maslahat berdi.

Şyhmyrat halypa döreden sungat eserlerinde halkymyzyň şanly taryhyny düýpli we çeper beýan edýärdi. Ol öz işiniň ussadydy. Türkmen kino sungatyny dünýä tanatmakda uly hyzmat bitiren halypa. Onuň «Ady Gulbaba», «Haly dünýäsine syýahat», «Täsin owazlar», «Kel bagşy», «Küştdepdi» «Gökdepe mukamy», «Sungat ussatlary», «Nury Halmämmedow», «Bagşy sen» ýaly surata düşüren ençeme filmleri bar.

Haýsy filmini alsaň-da, çuňňur many, çugdamlanan pikir bar. Her bir diýjek bolýan zadynyň aňyrsynda terbiýeleýji ähmiýetli maksady bar. Inçe duýgular, pelsepewi pikirler sada dilde kinonyň çeper dili bilen utgaşyp, çeper şekillerde öz beýanyny tapýar. Onuň filmleriniň arasynda «Pelek ömrüm» atly filmi mende hasam täsir galdyrdy. Bu filmdäki baş gahrymanyň keşbi aňyňa möhür bolup basylýar. Onuň häsiýetindäki giňlik, sadalyk, kanagatlylyk, ynsanperwerlik, maksada okgunlylyk, ýönekeýlik türkmen halkyna mahsus häsiýetler. Şeýle pursatda oňa duýgudaşlyk bildirip derdinişýärsiň. Oňa meňzäsiň gelýär.

Halypanyň «Nury Halmämmedow» atly dokumental filminiň başlanýan pursadynda ýaňlanýan goşgy setirleri şahyr Gurbannazar Ezizowyň özüne bagyşlanan hem bolsa, ol Nury Halmämmedowyň sazy we şekili bilen sazlaşyp, göýä onuň öz içgepletmesi ýaly bolup duýulýar. Olaryň dostlugyny, doganlygyny özüniň sungat eserleriniň üsti bilen beýan etmegi başaran Şyhmyrat halypa-da öz ugrunyň ussadydy — diýip ýatlady.

Şyhmyrat Annamyradowyň döreden filmleri hakynda söz açanymyzda halypa ýazyjy Aman Goşaýew:

— Şyhmyradyň Gulbaba bagşy hakynda surata düşüren dokumental filmini görüpmidiňiz? — diýip, sowal berdi. Soňra-da ol başyny ýaýkap:

— Aý, ol öz işiniň ussadydy-laý. Şol filmiň jemleýji pursadynyň şekili göz öňümden gidenok. Ýaşajyk bagşynyň ömrüniň iň soňky pursatlaryndaky agyr halda ýatan keşbi, ekranyň üsti bilen ýuwaş-ýuwaşdan öwrülip sagalyp ýerinden galýan ýaly şekilde bagşynyň dik duran keşbi bilen film soňlanýar. Režissýor şeýle hereketler bilen şekile geçirip, bagşy aramyzdan gidensoň hem miras galdyran aýdymlary bilen onuň aramyzda ýaşap ýörendigini inçelik bilen çeper keşpde tomaşaçylara ýetirýär — diýip pikirini aýtdy.

«Standart, hil we howpsuzlyk» žurnalynyň 1997-nji ýylyň 4-nji sanynda ýazyjy Hemra Şirowyň Şyhmyrat Annamyradow bilen taýýarlan söhbetdeşligi bar. «Türkmen kinosynyň düýni, şu güni, ertiri» atly şol söhbetdeşlikde  kinorežissýor özi barada berlen sowala:

— Alty Garlyýew adyndaky «Türkmenfilm» kinostudiýasynyň «Zaman» dokumental filmler studiýasynda işlemek bilen ençeme dokumental hem çeper-publisistik filmleri döretdim. Olar: «Gangadan Garaguma çenli», «Hüwdi», «Iň soňky taýmylçy», «Pelek ömrüm», «Gulbaba»,  «Zenanlar», «Ömrüzaýa ýyldyzym», «Teke gyzy», «Ýoly türkmeniň» we başgalar — diýip aýdýar. Bu sanawyň üstüne onuň «Kel bagşy», «Sungata bagyşlanan ömür», «Behişdi şaý-sepler», «Baýguş» atly filmlerini hem goşduk. Ýöne onuň surata düşüren filmleriniň başga-da kändigini, iň esasy ýeri hem onuň öz işiniň ussadydygyny aýtdylar. Makalamyzyň ahyrynda ussat kinorežissýor Şyhmyrat Annamyradowy ýatlap, watandaşlarymyzyň ol barada aýdan ýagşy doga-dilegleriniň kabul bolmagyny dileg edýäris. Imany hemra bolsun!

Akgül Saparowa.

Related posts

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Ahmet Bekmyradow: ömrüne bakylyk bagyşlan alym

Nobatguly Rejebow: topragyň tagamy siňen eserler

Ata Watan Eserleri