1954-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Bütindünýä çaga gününi bellemeklik barada ýörite Rezolýusiýa kabul edildi. Bu günüň bellenmeginiň esasy maksady Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan dünýädäki çagalar barada edilýän tagallalaryň, alnyp barylýan işleriň berkemegine gönükdirilendir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň Rezolýusiýasynda Bütindünýä çaga gününi ählumumy baýramçylyk hökmünde bellenmegi milletleriň arasynda raýdaşlygyň we hyzmatdaşlygyň has-da berkemegine getirer diýip belleýär.
Bütindünýä çaga gününde çagalaryň hukuklary bilen baglanyşykly birnäçe halkara resminamalar kabul edildi. Olardan 1959-njy ýylyň 20-nji noýabrynda kabul edilen “Çaganyň hukuklary hakyndaky Ykrarnamany” hem-de 1989-njy ýylyň 20-nji noýabrynda kabul edilen “Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýany” görkezmek bolar.
2026-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň gurnamagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda «Dünýäni özgerdýän ýagşylyk» atly sergi-ýarmarkasy geçirildi. Oňa myhman hökmünde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet Maliýe institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary hem-de döwletimiziň jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri, ýurdumyzda hereket edýän daşary ýurt ilçihanalaryň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaranyň esasy maksady ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelerimize eýermek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna ýaşlaryň öz mynasyp goşandyny goşmaklaryna gönükdirildi. Sergi – ýarmarkanyň çäginde ýurdumyzyň her ýokary okuw mekdebi öz ugruna degişli sergini ýaýbaňlandyrdy. Sergi – ýarmarkada naz-nygmatlar, milliligimize degişli bolan bezegler, alajadyr şaý-sepler, naşyja sowgatjyklar ýerleşdirilip, myhmanlara hödürlenildi.
Sergi-ýarmarkanyň dowamynda gazanylan maddy serişdeler Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna ugradyldy. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyz Watanymyzda bagtyýar nesillerimiziň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda ýurdumyzda toplumlaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimizde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi her bir çaga mähirli garaýyş bilen howandarlyk edilýändiginiň güwäsidir. Şeýle ynsanperwer işler halkymyzyň geçmiş taryhyndan, ata-babalarymyzyň ajaýyp däplerinden gözbaş alýar.
