JEMGYÝET

Oguljahan Atabaýewa Bütindünýä çagalar güni mynasybetli guralan çäre gatnaşdy

Arkadag şäherinde Bütindünýä çagalar güni mynasybetli “Arzuw ganatlary: her bir çaga üns merkezinde” ady bilen çäre geçirildi. Halkara ähmiýetli çärä ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

“Ata Watan Media” toparynyň hem çagyrylan halkara çäresine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa gatnaşdy.

Dabara gatnaşanlaryň hatarynda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Sýaozýun Greýs Wan, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, işgärleri, olaryň çagalary bar.

Dabarada edilen çykyşlarda Türkmenistanda mümkinçiligi çäkli çagalaryň döwlet tarapyndan üns-alada bilen gurşalandygy, bu ugurdaky işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň tagallalaryna möhüm ornuň degişlidigi bellenildi.

Soňra dabarada sirk artistleriniň çykyşlaryna tomaşa edildi. Şeýle hem «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary ahalteke bedewleriniň üstünde ýerine ýetirýän çylşyrymly akrobatik hereketleri we milli atly oýunlary tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.

Soňra dabaranyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli sergi bilen tanyşdylar. Gözden geçirilişde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF), “Ýaşyl mekdepler”, “Maşgala meýdançasy”  ýaly degişli bölümlerine aýratyn orun berildi.

Related posts

Arkadag şäherinde Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumy gurlar

Türkmenistanda doglan kosmonawt kosmos saparyna başlady

vepa

Harby okuw-meýdan türgenleşigi geçirildi