SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

21-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Hamallar üçin bu gün  möhüm kararlary kabul etmekde paýhasly çemeleşmegi talap eder. Iş bilen bagly öňden bäri garaşylýan habar ýa-da täze teklip gelip biler. Şeýle ýagdaýda gyssagly hereket etmezden, ähli şertleri seljermek peýdaly bolar. Maliýe meselelerinde tygşytlylyk saklamak, zerur bolmadyk çykdajylardan gaça durmak maslahat berilýär. Söýgi gatnaşyklarynda bolsa, ýakyn adamyňyz bilen araňyzda ýüze çykan düşünişmezligi çözmäge mümkinçilik dörär. Açyk söhbetdeşlik gatnaşyklaryňyzy has-da berkitmäge ýardam eder.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu gün Sowlaryň üns merkezinde maşgala we öý bilen bagly meseleler bolar. Öýüň abadanlaşdyrylmagy, uzak wagt bäri yza süýşürilen işler ýa-da maşgala agzalarynyň biri bilen bagly mesele çözgüdini tapyp biler. Iş ýerinde kärdeşleriňiziň maslahatyna gulak asmak täze mümkinçilikleriň döremegine şert döreder. Maliýe babatda bolsa, öňünden meýilleşdirilmedik çykdajy ýüze çykmagy mümkin. Şahsy gatnaşyklarda mähirli sözleriň we ünsüň ähmiýeti artar. Ýekelikdäki Sowlaryň durmuşynda täze tanyşlyk üçin amatly pursat döräp biler.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Jöwzalar üçin bu gün maglumat alyşmak, gepleşik geçirmek we täze meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmak bilen tapawutlanar. Iş babatda öňki pikirleriňiziň birine täzeden dolanmaly bolmagyňyz mümkin. Şonda başgaça çemeleşmek garaşylýan netijäni berer. Şeýle hem resminamalar we maliýe hasaplaşyklary bilen iş salyşanyňyzda jikme-jikliklere üns beriň. Söýgi durmuşynda bolsa, uzak wagt bäri aýdyp bilmän ýören pikirleriňizi beýan etmek üçin amatly gün. Ýakyn adamyňyzyň garaýşyna düşünmäge çalyşmak gatnaşyklarda ynamy güýçlendirer.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Seretanlaryň bu günki esasy aladasy maşgala abadançylygy we şahsy rahatlyk bilen bagly bolar. Öýde çözülmegine garaşýan bir mesele boýunça oňyn netije gazanyp bilersiňiz. Işde bolsa, jogapkärçiligiňizi dogry paýlamak we wagty netijeli peýdalanmak zerurdyr. Maliýe ýagdaýyňyzy gowulandyrmak üçin täze mümkinçilikleri öwrenmäge wagt tapylar. Söýgi gatnaşyklarynda öňki ýakymly ýatlamalar täzeden ýada düşüp biler.Emma geçmişdäki düşünişmezlikleri gaýtadan gozgamazdan, geljekki meýilnamalara üns bermek has ýerlikli bolar.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Esetler üçin bu gün öz  mümkinçiliklerini görkezmek we hünär taýdan öňe gitmek üçin amatly bolar. Işde öňe süren teklibiňize garaşylmadyk goldaw berilmegi mümkin. Ýolbaşçylar bilen geçiriljek söhbetdeşlik geljekki meýilnamalaryňyza täsir edip biler. Şeýle-de bolsa, üstünlik gazanmak üçin diňe öz pikirleriňize daýanman, töweregiňizdäkileriň tejribesini hem göz öňünde tutuň. Söýgi durmuşynda bolsa, ýakyn adamyňyz bilen bilelikde wagt geçirmek gatnaşyklaryňyza täze öwüşgin çaýar. Maşgala içinde hoş habar eşitmegiňiz hem mümkin.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Günüň birinji ýarymy diýseň üstünlikli geçer. Bu döwür hem iş bilen bagly meseleleri çözmek, hem-de şahsy durmuşyňyzdaky käbir möhüm soraglara jogap tapmak üçin amatly bolar. Gepleşikler we duşuşyklar garaşyşyňyzdan has netijeli geçip biler. Hatda uly umyt baglamadyk işleriňizde hem oňyn netijeleri gazanmak mümkin. Maliýe babatda öňki meýilnamalaryňyza täzeden ser salmak we zerur çykdajylary ileri tutmak peýdaly bolar. Şahsy durmuşda bolsa, uzak wagt bäri araňyzda çözülmän gelýän bir mesele ýene-de gün tertibine gelip biler. Bu gezek öz garaýşyňyzy düşündirmekden çekinmäň. Söýgi gatnaşyklarynda Sünbüleleriň käbiri ýakyn adamynyň garaýşynda bolup geçen üýtgeşmeleri duýup biler. Howlukmaç netijä gelmegiň deregine, onuň hereketlerine we sözlerine üns bermek has dogry bolar. Agşam maşgala bilen bagly bir habar ýa-da garaşylmadyk duşuşyk günüňize ýakymly öwüşgin çaýyp biler.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Günüň birinji ýarymynda diňe özüňiz üçin däl, eýsem, söýýän adamyňyz üçin hem ähmiýetli bolan hoş habary eşitmegiňiz mümkin. Alnan maglumatlar geljekki meýilnamalaryňyza täsir edip, täze pikirleriň döremegine sebäp bolar. Käbir Mizanlar  bu pikirlerini ýakyn adamlary bilen ara alyp maslahatlaşyp, olary durmuşa geçirmek boýunça ilkinji ädimleri ädip bilerler.Günüň ortalarynda öňünden meýilleşdirilmedik ownuk çykdajylar ýüze çykmagy ähtimal. Käbir ýagdaýlarda seresapsyzlyk sebäpli goýberilen ownuk ýalňyşlyklar hem goşmaça çykdajylara getirip biler. Şeýle-de bolsa, maliýe ýitgileri uly bolmaz, şonuň üçin alada etmäge esas ýok.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu gün şahsy maksatlaryna täzeden ser salmak we geljekki ädimlerini kesgitlemek üçin ähmiýetli bolar. Işde öňden bäri garaşylýan netijäniň belli bolmagy mümkin. Käbir meselelerde garaşyşyňyzdan köp zähmet çekmeli bolsaňyz-da, sabyrlylygyňyz öz miwesini berer. Maliýe babatda bergi, töleg ýa-da öňki ylalaşyklar bilen bagly işleri tertipleşdirmek maslahat berilýär. Söýgi durmuşynda bolsa, ynam meselesi öňe çykyp biler. Bir-biriňize bolan garaýşyňyzy hereketleriňiz arkaly görkezmek sözlerden has täsirli bolar.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)

Adaty durmuş ýörelgesine kiçijik täzelik girizmek gatnaşyklaryňyza ýakymly täsir eder. Şeýle-de köne dostlar bilen duşuşmak, gysga wagtlyk gezelenje gitmek ýa-da maşgala bolup kiçiräk baýramçylyk guramak üçin hem  bu gün amatly bolar. Emma güniň ikinji ýarymynda syýahat, bilim almak ýa-da hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly mümkinçilikler barada oýlanyp bilersiňiz. Işde täze başlangyçlara taýýarlyk görmek üçin amatly  şertler hem  dörär.Emma anyk meýilnamasyz töwekgelçilik etmekden saklanyň.Söýgi gatnaşyklarynda uzak aralykda ýaşaýan ýa-da köp wagt bäri görşüp bilmeýän adamlaryň arasynda ýakymly habarlaşma bolup biler.

 Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Köpden bäri göwnüňizde ýakynlyk duýýan adamyňyz bar bolsa, onuň bilen ilkinji bolup söhbetdeşlige başlamakdan çekinmäň. Siziň ünsüňiz we başlangyjyňyz garşy tarapda hem ýakymly täsir galdyryp biler. Uzak wagt bäri bilelikde ýaşaýan jübütler gündelik aladalardan biraz daşlaşyp, bilelikde wagty gyzykly geçirmek üçin täze mümkinçilikleri gözläp bilerler.Günüň ikinji ýarymynda öňki tagallalaryňyzyň netijesi duýlup başlarsyňyz.Käbir Jediler üçin goşmaça jogapkärçilik ýa-da täze wezipe bilen bagly teklip peýda bolup biler.

Daluw (gowa 21.01 — 20.02)

Töweregiňizdäki adamlaryň peýdaly maslahatlaryna ýeterlik ähmiýet bermezlik howpy bar. Şonuň üçin howlukmaň, ähli ýagdaýy seljerip, kararyňyzy günüň ikinji ýarymynda kabul etmäge çalşyň. Bu wagt maliýe meselelerinde has amatly mümkinçilikleriň ýüze çykmagy we öňüňizde täze maglumatlaryň peýda bolmagy ähtimal. Şahsy durmuşda bolsa, günüň oňyn wakalara baý bolmagyna garaşylýar. Esasanam, öz duýgularyny gizlemän, ýüregindäkini açyk beýan etmegi başarýan Daluwlar üçin amatly pursatlar dörär.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Günüň dowamynda dürli aladalaryň we garaşylmadyk ýagdaýlaryň ýüze çykmagy mümkin. Käbir wakalar garaşyşyňyza görä bolmasa-da, howsala düşmän, dogry çözgüt tapmagy başararsyňyz. Bu babatda içki duýgyňyza bil baglamak size kömek eder. Bu gün öňden bäri sizi alada goýup gelýän käbir meseleleriň çözgüdiniň tapylmagy hem mümkindir.Iş durmuşynda bolsa, täsirli adamlaryň goldawyny gazanyp, öz hünär derejäňizi we abraýyňyzy berkitmäge mümkinçilik dörär. Irden maliýe bilen bagly möhüm kararlary kabul etmekden saklanyň. Sebäbi bu döwürde dogry netije çykarmak üçin zerur maglumatlar ýeterlik bolmazlygy mümkin.

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Related posts

29-nji mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

06-njy Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

5-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama