DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Ilçisi Monakonyň Milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

2026-njy ýylyň 18–19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Monako Knýazlygyndaky Ilçisi M.Çaryýew Monako Knýazlygynyň Milli baýramy mynasybetli geçirilen resmi dabaralara gatnaşdy.

Milli baýramyň öňüsyrasynda Monakonyň Knýazy Alyhezreti Albert II we Knýaginýa Şarlen resmi kabul edişlik guradylar. Diplomatik we konsullyk wekilhanalarynyň wekilleriniň öňünde çykyş eden Knýaz Albert II Knýazlygyň 2026-njy ýyldaky daşary syýasat işiniň netijelerini jemledi.
2027-nji ýyl üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitledi hem-de halkara saparlary bilen bagly meýilnamalara ünsi çekdi. Resmi kabul edişlikden soň diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň hormatyna agşamlyk nahary berildi.

Milli baýram mynasybetli eden çykyşlarynda Knýaz Albert II Rim Papasy Lew XIV-niň we Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň Monako amala aşyran saparlaryny, şeýle hem Monakonyň Ýewropa Geňeşiniň Ministrler komitetine ilkinji gezek başlyklyk etmegini aýratyn belledi.

Knýaz çagalaryň hukuklaryny goramak, ýaş türgenleriň howpsuzlygyny üpjün etmek we zenanlara garşy zorluga garşy göreşmek meselelerine hem ünsi çekdi. Şeýle hem ol howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nygtady.

Milli baýram güni Monakonyň kafedral ybadathanasynda şükürana dini ybadaty geçirildi. Soňra Knýaz köşgüniň dabaraly howlusynda sylaglary gowşurmak dabarasy, Köşk meýdançasynda bolsa harby ýöriş geçirildi. Harby ýörişiň dowamynda Knýazyň karabinerler orkestriniň döredilmeginiň 60 ýyllygy bellenilip geçildi.

 

 

Related posts

Türkmenistan GDA-nyň senagat syýasaty boýunça Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Eýrandaky Bahreýniň raýatlaryna ynsanperwer goldawy bermäge taýýar

Türkmenistan bilen Russiýa halkara maglumat howpsuzlygy hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy