BIZNES

Türkmenistanda 50 müň täze iş orny dörediler

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyna» laýyklykda, senagatda zähmet öndürijiligini 1,5 esse ýokarlandyrmak, 50 müňe çenli täze iş orunlaryny döretmek, sebitlerde çig mal däl eksporty 2-3 esse artdyrmak, 25 müňe çenli täze kiçi we orta kärhanalary döretmek, kiçi we orta telekeçilikde işleýänleriň paýyny ykdysady taýdan işjeň ilatyň 40 göterimine ýetirmek hem-de kiçi we orta kärhanalaryň eksportyny 2 esse artdyrmak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň tehnologiki taýdan ösen kärhanalarynda öndürilýän önümleriň möçberini 100 göterim, şol sanda eksport önümleriniň möçberini 75 göterim artdyrmagyň netijesinde ýurduň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmek göz öňünde tutulýar.

Bu barada şu gün türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň dowamynda wise-premýer H.Geldimyradowyň çykyşynda bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hasabaty diňläp, ýurtda dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleri öndürýän iri kärhanalaryň gurlandygyny belläp, ýurduň häzirki senagat kuwwatynyň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmalydygyny aýtdy. Şeýle hem ýurtda täze senagat desgalaryny gurmak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek arkaly önümçiligiň möçberini artdyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Related posts

Demiryol ve Karayolu Köprüsü ve Havalimanı İnşa Edilmektedir

vepa

Bütındünýä Söwda Guramasy: Türkmenistana synçy derejesi

TSTB: hususy himiýa zawodyny gurmak meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri