Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Oňa Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki döwlet, häkimiýet, jemgyýetçilik edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Gahryman Arkadagymyz çykyş etmek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi.
Ol türkmen halkynyň Milli Lideriniň köp ýyllaryň dowamynda alyp baran we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biriniň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna we ýörelgelerine esaslanýan halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekden, dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy, özara düşünişmegi berkitmekden ybarat bolup durýandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlary dünýä döwletleri tarapyndan giňden goldanylýar we olar Birleşen Milletler Guramasynda, beýleki abraýly halkara guramalarda kabul edilýän resminamalarda öz beýanyny tapýar. Bu babatda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 24-nji iýulda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Bu resminamany iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlyk etmeginde 23-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli Konsepsiýasy kabul edildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli Kararnamasyny we agzalan Konsepsiýany durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan 2027-2028-nji ýyllarda Halkara hukuk ýylyna taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça Türkmenistanyň Hereketleriniň milli meýilnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu resminama birnäçe ugurlardan we çärelerden ybarat bolup, halkara, syýasy-diplomatik, ylym-bilim, guramaçylyk, maglumat-ündew häsiýetli işleri öz içine alýar.
Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Hereketleriň milli meýilnamasynyň esasy ugurlaryny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, guramaçylyk we utgaşdyryş işleriniň çäklerinde 2027-nji, 2028-nji ýyllarda geçiriljek çäreleriň ýyllyk senenamalaryny taýýarlamak, olaryň ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik etmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatynyň Hukuk meseleleri boýunça müdirligi bilen bilelikde 2028-nji ýyla taýýarlyk görmek boýunça ýörite «Ýol kartasyny» işläp düzmek meýilleşdirilýär. Halkara hyzmatdaşlyk ugrunda Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler, aýratyn-da, degişli Kararnamanyň awtordaşlary bilen hyzmatdaşlykda birnäçe halkara çäreler guralar. Şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 82-nji sessiýasynyň, onuň Altynjy komitetiniň we Halkara hukuk hepdeliginiň çäklerinde ýörite çäreleri guramak meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary tarapyndan bu ugurda degişli maslahatlar, “tegelek stol” duşuşyklary geçiriler.
Ylmy-amaly hyzmatdaşlyk ugrunda 2027-nji ýylyň birinji çärýeginde «Halkara hukuk — ählumumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň binýady» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem halkara hukugyň häzirki zaman meselelerine, hususan-da, howanyň üýtgemegine, suw serişdelerine, durnukly ulag ulgamyna, sanly tehnologiýalara, emeli aňa, halkara ynsanperwer hukugyna bagyşlanan ylmy maslahatlary geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, halkara hukuga degişli ylmy makalalar, seljeriş, okuw-usulyýet häsiýetli maglumatlar neşir ediler.
Bilim we ýaşlar syýasaty ugrunda döwlet gullukçylary, ýaş diplomatlar üçin halkara hukuk boýunça ýörite okuwlary guramak, her ýyl «Ýaşlar we halkara hukuk» atly dialogy geçirmek göz öňünde tutulýar. Maglumat-ündew işleriniň çäklerinde Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda Halkara hukuk ýylyna bagyşlanan ýörite bölümi döretmek, şeýle hem Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň saýtynda, «Arkadagly ýaşlar» elektron žurnalynda degişli maglumatlary ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.
Halkara hukuk boýunça BMG-niň esasy resminamalaryny türkmen dilinde taýýarlamak we ýaýratmak hem bu ugurdaky möhüm çäreleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen bir hatarda, 2028-nji ýylda geçiriljek esasy halkara çärelere aýratyn ähmiýet berilýär. Hususan-da, 2028-nji ýylyň başynda Aşgabat we Nýu-Ýork şäherlerinde Halkara hukuk ýylynyň resmi açylyş çärelerini geçirmek, şol ýylyň sentýabr-oktýabr aýlarynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 83-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň ýörite çäresini guramak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem 2028-nji ýylyň dekabrynda halkara hukuk boýunça ählumumy forumy geçirmek Hereketleriň milli meýilnamasynyň esasy çäreleriniň biri hökmünde teklip edilýär.
Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Hereketleriň milli meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzyň halkara hukuk ulgamyndaky başlangyçlarynyň ähmiýetini has-da artdyrmaga, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara hukuk esaslaryny giňden wagyz etmäge, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga hyzmat etjekdigini aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Hereketleriň milli meýilnamasynyň taýýarlanylan taslamasyny Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna hödürledi. Ol çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende götermek, parahatçylygy, ynanyşmagy, halkara hukugyň ýörelgelerini berkitmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin mundan beýläk-de ähli tagallalaryň ediljekdigini nygtap, Milli Liderimiziň janynyň sag, başynyň hemişe belent bolmagyny arzuw etdi.
