BIZNES

Türkmenistanda iri senagat önümçilik desgalary gurlar

«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynda» bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen ýurdumyzyň welaýatylarynda ir senagat desgalaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çykyşynda belledi.

Hususan-da:

  • Strategiýany durmuşa geçirmegiň çäklerinde Ahal welaýatynda gurluşyk materiallarynyň, himiýa we energetika senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, gazhimiýa önümleriniň öndürilişini giňeltmek, aýna, dokma önümlerini öndürýän täze kärhanalary döretmek, azyk senagatyny ösdürmek, ýol-ulag infrastrukturasynyň gurluşygy üçin zerur bolan serişdeleriň önümçiligini ýola goýmak, hereket edýän önümçilik kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, olara innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
  • Balkan welaýatynda karbamid öndürýän toplumyň ikinji tapgyryny, ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki desgalar toplumyny gurmak, ýod, brom, tehniki hem-de nahar duzunyň önümçiliklerini ösdürmek, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň, döwrebap köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň esasynda önümçilikleri giňeltmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
  • Daşoguz welaýatynda gazhimiýa önümçiligini ösdürmek, hususy ulgam tarapyndan oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagaty giňeltmek bilen bir hatarda, ýerli çig mal serişdeleriniň esasynda täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek göz önünde tutulýar.
  • Lebap welaýatynda kükürt, kaliý, daş duzlary ýaly tebigy serişdeleriň esasynda dag-magdan önümçiligini ösdürmäge, gurluşyk garyndylaryny hem-de gipsokarton önümlerini öndürýän döwrebap kärhanany işe girizmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
  • Mary welaýatynda gurluşyk materiallary senagatyny ösdürmek, täze önümçilik kärhanalaryny döretmek, hereket edýän kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, olarda innowasion tehnologiýalary, sanly ulgam arkaly dolandyryş usullaryny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Related posts

Köneürgenç şäherinde telekeçiler mekdebiniň bölümçesi açyldy

İhaleler: Aşkabat’ta Uluslararası Kozmetik Merkezi için uluslararası ihale

vepa

Türkmenistanyň we Gruziýanyň wekiliýetleriniň duşuşygy