IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Aşgabat şäheri boýunça boş iş orunlary hödürlenýär

Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin hem-de Köpetdag etraplarynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri 2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasynda sagat 09:00-dan – 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.

Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini.

Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.

Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:

Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasy, S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:  39-34-56; 39-34-64; 39-34-71; 35-12-69; 39-34-76.

Related posts

Bäsleşik:Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi

Türkmenistan İnşaat ve Mimarlık Bakanlığı uluslararası ihale

Bäsleşik: audit barlagyny geçirmek üçin

Ata Watan Eserleri