BILIM

Türkmenistanyň wekiliýeti Neapolitan uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 25–27-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşyrow we Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory Gurbanmyrat Mezilow Italiýa Respublikasynyň Neapol şäherinde iş saparynda boldular.

Saparyň çäklerinde Neapolitan uniwersitetiniň (Federiko II adyndaky) ýanyndaky Apple Developer Academy-niň ylmy direktory, professor Jorjio Wentre we uniwersitetiň prorektory, professor Nikola Bianko bilen duşuşyklar geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar sanly tehnologiýalar, programmirleme, kiberhowpsuzlyk we robototehnika ugurlarynda hyzmatdaşlygyň geljegini, şeýle hem akademiki alyş-çalyşlary guramak we bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Neapolitan uniwersitetiniň (Federiko II adyndaky), Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň arasynda, şol sanda hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem italýan tarapy Türkmenistanyň wekillerini uniwersitet tarapyndan geçirilýän halkara maslahatlara, simpoziumlara we olimpiadalara gatnaşmaga çagyrdy.

Related posts

Türkmenistan bilen Russiýa bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Amerikada gysga wagtlyk okuw :çeper eser, drama, goşgy, ssenariýa ýazyjylary