Angliýanyň “Liwerpul” kluby Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) taryhynda 700-den gowrak ýeňiş gazanan klublaryň üçlügine goşuldy.
“Squawka” statistika portalynyň habar bermegine görä, mersisaýdlylar bu görkezijä 2026/2027-nji ýyl möwsüminiň Angliýa çempionatynyň 11-nji tapgyrynda öz meýdançasynda “Mançester Ýunaýtedi” uly hasap bilen ýeňenden soň ýetdiler.
Duşuşyk ýer eýeleriniň 4:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
Mundan öň diňe “Mançester Ýunaýted” we “Arsenal” klublary 700 ýeňişlik sepgitden geçipdi.
11 tapgyrdan soň 21 utuk toplan “Liwerpul” APL-iň ýaryş jedwelinde dördünji orny eýeleýär. Sekiz utugy bolan “Mançester Ýunaýted” bolsa 19-njy ýerde ýerleşýär.
Indiki tapgyrda “Liwerpul” 29-njy noýabrda “Ewerton” bilen duşuşar. “Mançester Ýunaýted” bolsa bir gün öň, 28-nji noýabrda “Brentford” bilen oýnar.
