SPORT

Janni Infantino: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyzy ösdüreris

Türkmenistana özüniň ilkinji saparyny amala aşyrýan Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) Prezidenti Janni Infantino Aşgabadyň halkara howa menzilinde beren interwýusynda Türkmenistana gelmekden uly hoşal bolandygyny belledi.

«turkmenistaninfo.gov.tm» internet neşirinde ýerleşdirilen söhbetdeşlige görä, Türkmenistana şu gün irden geldik. Aşgabat şäheri örän owadan. Ýene-de bir ýakymly zat, ol hem Türkmenistan futbolyň ýurdudyr, diýip Infantino belleýär.

– Men bu ýerde özümi öýümde ýaly duýýaryn. Biz türkmen myhmansöýerligi bilen garşylandyk. Olaryň ýüreginde güneşli ýurduň Gününiň ýylysy bar. Men ozal, Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşypdym. Bu duşuşyk Katarda geçirilen dünýä çempionatynyň çäginde bolupdy. Türkmenistanyň Prezidenti futbol bilen gyzyklanýar. Biz Türkmenistanda hem erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda futboly ösdürmek ugrunda hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlaryny taparys. FIFA hem-de Aziýa Futbol konfederasiýasy bilen hyzmatdaşlyklar ösdüriler. Türkmenistandaky sport infrastrukturalary hem-de bu ýurtda dürli ýaryşlary geçirmek ugrunda gepleşikler geçireris.

 

FIFA-nyň ýolbaşçysy Infantino Aşgabada geldi

Ýene-de okaň

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy