SPORT

Ronaldo – dünýäniň iň köp hak tölenýän türgeni

Kristiano Ronaldo dünýäniň iň köp hak tölenýän hem-de iň köp girdeji gazanan türgeni boldy. “Forbes” žurnalynyň hasabatyna görä, 2022-nji ýylyň 1-nji maýy-20223-nji ýylyň 1-nji maýy aralygyndaky döwürde portugal futbolçy 136 million dollar girdeji gazandy. Bu girdejisi aýlyk haky, goşmaça haklary, mahabatdan gelýän girdejisi ýaly girdeji çeşmelerini öz içine alýar.

Iň köp girdeji gazanan 10 türgen:

  1. Kristiano Ronaldo – 136 million dollar;

2. Lionel Messi – 130 million dollar;

3. Kilian Mbappe – 120 million dollar;

4. Lebron Jemýs – 119,5 million dollar;

5. Saul Alwares – 110 million dollar;

6. Dastin Jonson – 107 million dollar;

7. Fil Mikelson  – 106 million dollar;

8. Stefen Karri – 100,4 million dollar;

9. Rožer Federer – 95,1 million dollar;

10. Kewin Dýurant – 89,1 million dollar.

Sport ulgamynyň iň köp girdeji gazanan türgenleriniň girdejisiniň umumy bahasy 1.1 milliard dollara deňdir. Bu iň gowy görkezijileriň biridir. Mundan ozal, 2018-nji ýylda türgenleriň girdejisi 1.06 milliard dollara ýetipdi.

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar