BIZNES

“Kamaz” Aşgabatda elektrikli awtobusyny tanyşdyrdy

Şu günler paýtagtymyz Aşgabatda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2023» (ITTC-2023) sergisi geçirilýär. Oňa gatnaşmaga gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Kamaz” kompaniýasy özüniň öndüren elektrikli awtobusyny tanyşdyrdy. Bu barada “TASS” habarlar gullugy habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň ýanwarynda “Kamaz” kompaniýasy baş direktory Sergeý Kogogin Tükrmenistanda 2 sany elektrikli awtobusyň synagdan geçirilýändigini mälim edipdi. Bu gezekki serginiň çäklerinde hem kompaniýanyň wekilleri elektrobuslaryň synagynyň dowam edýändigini belledi.

Aşgabatda geçirilýän ulga pudagyna degişli foruma 80-den gowrak edaralaryň we kompaniýalaryň wekilleri gatnaşýarlar.

Görkezilişiň gatnaşyjylarynyň abraýly düzümi halkara jemgyýetçiliginiň we iri kompaniýalaryň Türkmenistan bilen ulag babatynda hyzmatdaşlyk etmäge barha artýan gyzyklanmasyny görkezýär.

Russiýanyň “Kamaz” kompaniýasyndan başga-da, Russiýanyň demirýollar edarasy, “Kommaş” hojalyk tehnikalaryny öndürýän kompaniýasy, “Ak Bars” gämigurluşyk kompaniýasy gatnaşýar.

Related posts

Sues kanaly rekord girdeji gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Azerbaýjana benzin eksport etmekde 2-nji orunda durýar

Ata Watan Eserleri

İslam Kerimov’un Heykeli Açıldı

vepa

Leave a Comment