IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, şeýle hem etrabyň ýaşaýjylarynyň dykgatyna!

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2025-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Tagtabazar etrabynyň Pendi geňeşliginiň çäginde ýerleşýän 20-nji orta mekdepde sagat 9:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!

Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;

Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.

Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Tagtabazar etrabynyň Pendi geňeşligi.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

800568-52-1-05.

Related posts

ÝUNISEF konsultant gözleýär

Ata Watan Eserleri

Bäsleşik:Lukmançylyk sarp ediş serişdelerini satyn almak

Ata Watan Eserleri

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär