IŞ ORUNLARY & TENDERLER

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy täze iş orunlaryny hödürleýär

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölüminde iş orunlary açylandygy habar berilýär.

  • Amerikan merkezi we Amerikan burçlary – tejribe arkaly öwrenmek maksatnamalary boýunça kömekçi, FSN-09, gyzyklanýan dalaşgärleriň hemmesi tabşyryp bilerler.
  • Onlaýn jemgyýet aragatnaşygyny dolandyryjy we sanly serişdeleri döretmek maksatnamalary boýunça utgaşdyryjy, FSN-09, gyzyklanýan dalaşgärleriň hemmesi tabşyryp bilerler.
  • Strategik gollanma mazmundaky serişdelerini utgaşdyryjy hünärmen, FSN-10, gyzyklanýan dalaşgärleriň hemmesi tabşyryp bilerler.

Soňky senesi: 23-nji sentýabr 2022

Degişli bildiriş bilen tanyşmak we bu wezipä tabşyrmak üçin, aşakdaky salgy boýunça geçiň:

https://erajobs.state.gov/dos-era/tkm/vacancysearch/searchVacancies.hms (salgy hususy enjamlarda hem açylýar).

Tabşyryş düzgünlerini we beýleki wajyp maglumatlary şu ýerde tapyp bilersiňiz: https://tm.usembassy.gov/embassy/jobs/

Kagyz görnüşli we/ýa-da e-mail arkaly ugradylan arzalar kabul edilmeýändigini ýatlatýarys. Ähli arzalar Elektron Iş barada Bildiriş ulgamy (ERA) arkaly doldurylmaly we tabşyrylmalydyr.

 MÖHÜM:
-1) Awgust aýynyň 1-i sagat 00:01-den awgust aýynyň 1-i sagat 14-00-e çenli; 2) Awgust aýynyň 12-i sagat 09:00-dan awgust aýynyň 12-i sagat 15-00-e çenli; 3) awgust aýynyň 13-i sagat 09:00-dan awgust aýynyň 14-i sagat 08-55-e çenli; 4) Awgust aýynyň 18-i sagat 09:00-dan awgust aýynyň 19-y sagat 08-55-e çenli; we 5) Awgust aýynyň 30-y sagat 09:00-dan awgust aýynyň 31-i sagat 08-55-e çenli Internet arkaly işe almak ulgamynyň (ERA) el ýeterli bolman biljekdigini  Size habar berýäris.

– Ulgamda göz öňünde tutulmaýan tehniki taýdan hyzmat ediş geçirilmegi mümkin boldugy sebäpli, arzalaryňyzy soňky güne goýman tabşyrmagyňyz maslahat berilýär.

– Arzalar DIŇE iňlis dilinde doldurylmaly. Haýsy bolsada başga bir dilde doldurylan arzalar nädogry doldurylan diýip hasap ediler.

– Arzada ÄHLI bilýän dilleriňiz, şeýle hem ÄHLI okan we işlän ýerleriňiz anyk görkezilmeli. Dalaşgärleriň belli bir dil bilimi ýa-da belli bir bilim derejesi bar diýip çak edilmeýär. Arzada gerekli maglumatlar doly görkezilmedik ýagdaýynda, arza doly doldurmadyk diýip hasap ediler.
– Wezipä gerek bolan bilimiň (şahadatnama / diplom) nusgalary anketa goşulmalydyr. Wezipä gerek bolan ygtyýarnamalaryň (sürüjilik şahadatnamasy / hünär ygtyýarnamasy) nusgalary anketa goşulmalydyr.
– Elektron Iş barada Bildiriş ulgamy (
ERA) Chrome brauzerynda has gowy işleýär. Chrome ulanmagyňyzy haýyş edýäris.

Related posts

Ahal welaýat häkimligi bäsleşik yglan edýär

«Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan serhedi» boýunça bäsleşik

Aşgabat şäherinde Stomatologiýa merkezi gurlar