SPORT

“Real Madrid” Arda Güler bilen şertnamasynyň möhletini uzaltdy

Ispaniýanyň «Real Madrid» futbol kluby Türkiýäniň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Arda Güler bilen şertnamasynyň möhletini uzaltdy. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berdi.

Täze şertnama 2032-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli niýetlenendir.

21 ýaşly Arda Güler 2023-nji ýyldan bäri Madridiň «Real» toparynda çykyş edýär. Ýarym goragçy klubuň düzüminde 126 duşuşyga gatnaşyp, 22 gol geçirdi we 32 gezek netijeli pas berdi.

Ol «Real Madrid» topary bilen bilelikde UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi, Ispaniýanyň çempiony, UEFA-nyň Superkubogynyň eýesi, şeýle hem 2024-nji ýylda Kontinentara kubogyň ýeňijisi boldy.

Arda Güler Türkiýäniň milli ýygyndysynyň düzüminde 38 duşuşyga gatnaşyp, 8 gol geçirdi we 10 gezek netijeli pas berdi.

Related posts

Ramosyň “Real Madrid” üçin 450-nji oýny

Ata Watan Eserleri

“Liwerpul” topary Angliýanyň çempionatyndaky rekordy gaýtalady

Türkmen türgenleri Kuraş boýunça dünýä çempionatyna taýýarlanýarlar

Ata Watan Eserleri