TEHNOLOGIÝA

Türkmenistan-Gazagystan-Eýranyň aragatnaşyk ministrleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçirilýän Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklara gatnaşdy.

Esasy çäreleriň biri Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň wekilleriniň gatnaşmagynda ministrler derejesinde geçirilen üçtaraplaýyn duşuşyk boldy. Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew Eýranyň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýasy ministri Sattar Haşemi hem-de Gazagystanyň emeli aň we sanly ösüş ministriniň orunbasary Dosžan Musaliýew bilen üçtaraplaýyn duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar üstaşyr telekommunikasiýa akymlary ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem Eýran, Türkmenistan we Gazagystan Merkezi Aziýany Pars aýlagy we goňşy ýurtlar bilen baglanyşdyrýan bilelikdäki sanly geçelge döretmek barada ilkinji ylalaşyga geldiler.

Ilkinji ylalaşyga laýyklykda, hyzmatdaşlygyň jikme-jiklikleri indiki gepleşiklerde gözden geçiriler. Ýakyn wagtda jemleýji ylalaşyga gol çekilmegi garaşylýar.

 

Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Baş sekretary Doreen Bogdan-Martin, Katar Döwletiniň Kiberhowpsuzlyk agentliginiň ýolbaşçysy, inžener Abdulrahman bin Ali Al-Farahid Al-Maliki, şeýle hem Kataryň aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ministri Muhammed bin Ali bin Muhammed Al-Mannai bilen gepleşikleri geçirdi.

Duşuşyklaryň dowamynda üstaşyr aragatnaşyk mümkinçiliklerini giňeltmek, telekommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmek, şeýle hem maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, kiberhowpsuzlyk we sanlylaşdyrmak ulgamlarynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine esasy üns berildi.

Türkmen wekiliýetiniň halkara foruma gatnaşmagy we geçirilen gepleşikler halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, döwrebap telekommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmäge hem-de milli ykdysadyýetiň sanly özgertmelerini çaltlandyrmaga gönükdirilendir.

Bu başlangyçlar Türkmenistanyň sebit we ählumumy telekommunikasiýa ulgamyndaky ornuny pugtalandyrmaga, şeýle hem ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Related posts

Döwrebap teleradio enjamlary satyn alynar

Gyşky Olimpiýa oýunlarynda tehnologiýa täsiri

Aşgabatda kiberhowpsuzlyk boýunça türkmen-hytaý geňeşmeleri geçirildi