TEHNOLOGIÝA

“Sanly çözgüt — 2024”: emeli aň ugry hem girizildi

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Sanly çözgüt — 2024” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň sanly ulgama geçmek, programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alyp, ýokarda agzalan bäsleşigi geçirmek we onuň jemlerini “Türkmentel — 2024” atly halkara serginiň çäklerinde jemlemek göz öňünde tutulýar.

Nobatdaky bäsleşigi emeli aň, robototehnika we awtomatlaşdyrmak, “akylly” oba hojalyk tehnologiýalary, “akylly” öý, “akylly” şäher, bilim we elektron okuw, sanly lukmançylyk hem-de hyzmatlar ulgamy ýaly ugurlar boýunça geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi