SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, hyzmatlaryň ýokary hilini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) standartlaryna we kadalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagynyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunda öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Related posts

Irki çagalyk döwrüne häsiýetnama

Çäklendirmeler bu gezek 15 gün uzaldyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistandan Russiýa ýörite ikinji uçar gatnawy