BILIM

Türkmenistan bilen Ýaponiýa wodorod energetikasy boýunça hyzmatdaşlyk ugurlaryny maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 17-nji noýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň, Ýaponiýanyň Täze energiýa we senagat tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça öňdebaryjy “NEDO” guramasynyň, “Chiyoda Corporation” korporasiýasynyň we Sukuba uniwersitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda wodorod energetikasy boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek meselelerine bagyşlanan wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň esasy maksady – ýapon tarapynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda uniwersitetiň Wodorod energetikasy merkeziniň barlaghanasyny bilelikde degişli enjamlar bilen enjamlaşdyrmak barada ylalaşyk gazanmak, ylmy hyzmatdaşlygy ýola goýmak, maliýeleşdirmegiň çeşmelerini anyklamak we taraplaryň özara borçlaryny kesgitlemek bolup durýar.

Duşuşygyň barşynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory, professor, tehniki ylymlaryň doktory Baýrammyrat Atamanow çykyş edip, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ylmy-tehniki gatnaşyklaryň barha pugtalanýandygyny nygtady. Rektor öz çykyşynda ýokary okuw mekdebiniň ylmy-barlag kuwwaty, maddy-enjamlaýyn binýady hem-de ýurdumyzda wodorod energetikasyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada jikme-jik durup geçdi.

Duşuşykda türkmen we ýapon taraplarynyň hünärmenleriniň çykyşlary esasynda, wodorod energetikasy ulgamynda türkmen-ýapon ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy we bilelikdäki ylmy-barlag işleriniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi, ýagny:

tebigy gazdan wodorod ýangyjyny öndürmek;

wodorod we tehniki uglerody almak arkaly metanyň plazma-himiki pirolizini amala aşyrmak;

wodorody arassalamak, saklamak, daşamak we peýdalanmak tehnologiýalary;

ekologiýa taýdan howpsuz we energiýa netijeliligi ýokary bolan tehnologiýalary işläp taýýarlamak;

bilelikdäki ylmy taslamalary maliýeleşdirmekde we tehniki taýdan goldamakda “NEDO” guramasynyň gatnaşmagynyň mümkin bolan ugurlaryny kesgitlemek;

tehnologik çözgütleri işläp taýýarlamakda, barlaghananyň hem-de tejribe-senagat infrastrukturasynyň taslamasyny düzmekde «Chiyoda Corporation» korporasiýasynyň gatnaşmagynyň mümkin bolan ugurlaryny kesgitlemek;

Sukuba uniwersitetiniň binýadynda wodorod energetikasy ulgamy boýunça hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär kämilleşdiriş okuwlaryny hem-de ylmy tejribeliklerini guramak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak;

Türkmen we ýapon taraplarynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamak boýunça indiki ädimleri kesgitlemek;

metanyň plazmo-himiki usuly arkaly tebigy gazdan wodorod öndürmek boýunça taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny işläp taýýarlamak.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar sorag-jogap alyşmak bilen, öňe sürlen bu başlangyçlaryň iki dostlukly ýurduň arasyndaky ylmy-tehniki gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarjakdygyny nygtadylar. Geçirilen işjeň gepleşikler Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna innowasion we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmakda, şeýle hem ýaş alymlaryň halkara ylmy giňişligine işjeň goşulyşmagynda möhüm ädim bolup durýar.

Related posts

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty: Talyp:2021

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet, Hukuk we demokratiýa instituty

Ýetilen sepgit 16 000 : Maksat 20 000

Ata Watan Eserleri