BILIM

Uzagara onlaýn okamak teklibi

Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministrliginiň Ýokary bilim edarasyna iberen pikir hatynda güýz semestrinde uniwersitetlerde bilim bermegi uzagara onlaýn okamak usulynda geçirmegi teklip edendigi bellenilip geçilýär.

Ýokary bilim edarasy hem COVID-19 pandemiýasy döwründe okuw ulgamy bilen baglanyşykly rektorlara degişli hat iberdi. Şol hatda döwlet edaralary we guramalary tarapyndan COVID-19 global epidemiýa garşy göreş çäreleriniň görülendigi we olaryň durmuşa geçirilendigi mälim edildi.

Hatda ýokary okuw mekdepleri tarapyndan görüljek çäreler bilen baglanyşykly “Global epidemiýada täze kadalaşdyrmak boýunça gollanma” neşir edilendigi ýatladyldy.

Şeýle hem hatda ýokary okuw mekdeplerine giň başlangyçlaryň berlendigi we fakultetleriniň we bölümleriniň ýagdaýy göz öňünde tutulyp, bilimiň we okuwyň dowamlylygy nukdaýnazaryndan ygtyýarly geňeşlerde kararlar kabul edilendigi, COVID-19 bilen kesellänleriň sanynyň soňky döwürde köpelendigi bellenildi.

Bu babatda ýokary okuw mekdepleriniň täze okuw ýylynyň güýz döwründe okuw maksatnamasynyň dowam etdirilmegi boýunça pikirleri soraldy.

Şeýle hem bu hatda ýokary okuw mekdeplerine okuw maksatnamalary bilen baglanyşykly karar kabul edilende Saglygy goraýyş ministrliginiň teklipleriniň we pikirleriniň dykgata alynmagynyň möhümdigi bellenilip geçildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Malaýziýanyň talyp haky maksatnamasyna arzalar kabul edilýär

“Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti” atly III halkara bäsleşigine badalga berildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prezidenti bilen duşuşdy

“Dana bäşleşigi” geçirildi

Ata Watan Eserleri

Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny açylar

Ýaşlar üçin amaly biznes sapagy: «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar»