BILIM

Russiýanyň mekdep okuwçylary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga geldiler

Ýakynda Arkadag şäherinde geçirilen Halkara matematika olimpiadasynda birinji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylary şu ýylyň 1-10-njy awgust aralygynda Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alyşda bolarlar.

Mälim bolşy ýaly, bu Halkara ders olimpiadasyna ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň 43-si, daşary ýurtlaryň 11-sinden – Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Katar Döwletinden, Azerbaýjandan, Belarusdan, Bolgariýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Türkiýe Respublikasyndan okuwçy ýaşlaryň 85-si gatnaşyp, öz başarnyklaryny görkezdiler.

Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen halkara ders olimpiadasynda birinji orna eýe bolan okuwçylaryň toparyna medallar, Diplomlar, Noutbuk kompýuter we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat Gaznasynyň hasabyna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş-dikeldiş merkezine 10 günlük ýollanma berildi.

Arkadag şäherinde geçirilen halkara matematika olimpiadasynda ýeňiji bolan Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylary üçin şol arzyly pursat gelip ýetdi. Olar Hazaryň kenarynda dynç almak üçin ýurdumyza geldiler. Dostlukly ýurduň zehinli ýaşlaryny «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda mähirli garşylanyldy. Şatlykly pursatlara, ýatda galyjy wakalara beslenen garşylanyş dabarasy russiýaly mekdep okuwçylarynyň begenjini belende göterdi.

 

Related posts

Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine 2024-2025-nji okuw ýylyna okuwa kabul etmegiň TERTIBI

«Soňky jaň» dabaralary ýakymly ýatlamalara baý bolar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Özbegistanda türki döwletleriň halkara uniwersiteti dörediler