20-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew söwda toplumy tarapyndan Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, şu ýylyň 5-nji dekabryndan başlap ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýerleşýän söwda merkezlerinde, bazarlarda, dükanlarda baýramçylyk söwdalaryny guramak, göçme söwda nokatlaryny gurnamak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy bilen baglylykda, bazarlarda göçme söwda nokatlaryny gurnamagyň wajypdygyny aýtdy hem-de olary dürli görnüşli sowgatlyk harytlar bilen üpjün etmegi gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
