BIZNES

Ýanwar-iýul aýlary: Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow sanly ulgam arkaly geçirilern Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň ýedi aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,6 göterime, gurluşykda 6,7 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,3 göterime, söwdada 8,5 göterime, oba hojalygynda 4,1 göterime we hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy.

Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 10,1 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 9 göterim artdy.

Şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 101,1 göterim we çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,3 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary hem-de talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,7 göterim ýokarlandy.

Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy.

Related posts

«Aşgabat-Hazar» ugry boýunça täze gatnaw ýola goýuldy

Daşary ýurtlaryň awtoulaglarynyň eýelerinden alynýan tölegleriň möçberine üýtgetmeler girizildi

“Maryazot” önümçilik birleşiginiň durkuny täzelener