BIZNES

Türkmenistan–Gruziýa: nebit önümleriniň eksporty artýar

Şu ýyl Türkmenistanda öndürilýän önümleriň Gruziýa iberilen mukdary 2,5 essä golaý ýokarlandy.

Gruziýanyň Nebit önümleri boýunça importçylar birleşiginiň habar berşi ýaly, şu ýylyň alty aýynda awtoulag benzininiň we dizel ýangyjynyň uly mukdary Rumyniýadan, Türkmenistandan we Russiýadan gelip gowuşdy. Hususan-da, işewürler ýurdumyzdan şol nebit önümleriniň 122,6 müň tonnasyny satyn aldylar, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 72,3 müň tonna köpdür. 2019-njy ýyl bilen deňeşdireniňde iberilen önümleriň mukdary 3 essä golaý ýokarlandy.

Business Media Georgia habarlar agentligi öz nobatynda şu ýylyň birinji çärýeginde awtoulag benzinini we dizel ýangyjyny eksport eden  döwletleriň sanawyny çap etdi.

Sanawyň başyny Türkmenistan çekýär: üç aýyň dowamynda ýurdumyzdan satyn alynan nebit önümleriniň umumy bahasy 32 million dollara deň boldy.

Şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenbaşynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynda awtoulag benzininiň dürli görnüşleriniň 930 müň tonna golaýynyň we dizel ýangyjynyň 800 müň tonnadan gowragynyň öndürilendigini bellemek gerek.

Çeşme: tngizt.gov.tm

Türkmenistandan Russiýa: 3 günde 2 ýörite uçar gatnawy

 

 

 

Ýene-de okaň

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar

«Aýdyň Gijeler» Özbegistanda önümçilik meýdançasyny döreder

Eýran sebit ýurtlary bilen söwda hyzmatdaşlygyny ýeňilleşdirmegi we ösdürmegi meýilleşdirýär

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

“Türkmennebit” döwlet konserni buraw turbalaryny satyn alar