20-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen täze Kararnama barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, halkara düzümler, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. BMG bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde köp ýyllaryň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasynda ýurdumyz dünýä ösüşiniň derwaýys meseleleri boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Olar ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, ynanyşmagy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge, ynsanperwer işler we beýleki gaýragoýulmasyz mowzuklar babatda halkara hereketleri işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Netijede, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň teklibi boýunça ençeme ugurlarda wajyp Kararnamalary kabul edýär. Bu bolsa ýurdumyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýandygyna şaýatlyk edýär.
Wise-premýer, daşary işler ministri Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar barada aýtdy. 16-njy noýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň öňe sürmegi esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnama kabul edildi. Möhüm ähmiýetli resminamanyň Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýän ýylynda we Arkalaşygyň 35 ýyllyk ýubileý ýylynda kabul edilendigi bellenildi. Täze Kararnama ýurdumyzyň Arkalaşygyň halkara giňişlikdäki ornuny we abraýyny pugtalandyrmak, onuň Birleşen Milletler Guramasy bilen özara gatnaşyklaryny ösdürmek babatda uly tagalla edýändigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, bu Kararnamanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň sebitleýin gurama hökmünde halkara derejede has giňden ykrar edilmegine, onuň mundan beýläk-de Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamy bilen özara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam berjekdigi nygtaldy.
Wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy bu Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Garaşsyz Türkmenistanyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýandygyny belledi. «Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Biz geljekde hem Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam etdireris» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylaryň ählisini gelip gowşan hoş habar — möhüm ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
