DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Norwegiýanyň Patyşasy Harald V we ýurduň tutuş halkyna Türkmenistan bilen Norwegiýa Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Harald V tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Norwegiýa Patyşalygynyň halkyna bolsa ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

 

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Gazagystandaky gepleşikleri

Related posts

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Ženewa şäherinde iş saparynda boldy

Özbegistan we Gazagystan haryt dolanyşygyny 10 milliard dollara ýetirmegi meýilleşdirýärler