«Berkarar» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Syýasy meseleler we halkara hyzmatdaşlyk boýunça hemişelik komissiýasynyň hem-de Hukuk meseleleri boýunça hemişelik komissiýasynyň mejlisleri, şeýle-de “Awaza” toplumynyň kiçi mejlisler zalynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlislerine, dürli derejedäki çärelere yzygiderli gatnaşmagy taraplaryň arasynda özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň berk binýadyny emele getirdi. Gazanylan bu tejribe, parlamentara gatnaşyklaryň häzirki ösüşi Türkmenistanyň Mejlisiniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynda resmi taýdan synçy derejesini almagy üçin hemmetaraplaýyn we esasly şertleri döretdi – diýlip çykyşda nygtaldy.
Mejlise gatnaşyjylar çykyşy ünsli diňläp we sese goýlanda goldap, Türkmenistanyň Mejlisine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynda resmi taýdan synçy derejesini berdiler.
Şeýlelikde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen mejlisde resmi ýüztutmanyň goldanylyp, Türkmenistanyň Mejlisine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynda synçy derejesini bermek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi döwletimiziň daşary syýasy ugruna, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, GDA-nyň çäklerindäki diplomatik gatnaşyklaryna doly laýyk gelýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň 1992-nji ýylda döredilen bu düzümde synçy derejesine eýe bolmagy ýurdumyzyň GDA-nyň giňişliginde parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge, milli kanun çykaryjylyk işinde halkara we sebit tejribesini öwrenmäge, parlamentara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga, parlamentara dialogy ösdürmäge, halkara, sebit meseleleri boýunça parlamentleriň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşmaça şertleri döreder.
Mejlisiň dowamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 35 ýyllygyna taýýarlyk görülmegine, Parlamentara Assambleýanyň 2027-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna hem-de beýleki meselelere degişli çykyşlar diňlenildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
