DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gazagystanyň Kurultaýynyň Başlygy bilen duşuşygy geçirildi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Gazagystan Respublikasynyň Kurultaýynyň Başlygy Aýbek Dädebaýyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen, strategik häsiýete eýe bolan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň dürli, ýagny syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda, şol sanda parlamentara hyzmatdaşlyk boýunça netijeli häsiýete eýe bolýandygyny we yzygiderli ösdürilýändigini bellediler. Deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik, ynanyşmak ýörelgelerine daýanýan we müňýyllyklar bilen ölçelýän taryhyň gadymy döwürlerinden gözbaş alýan, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli ösdürilýän bu hoşniýetli gatnaşyklaryň goňşy iki doganlyk halklaryň dost-doganlyk däplerini has-da berkitýändigi nygtaldy.

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Hazaryň kenarynda geçirilýän şu gezekki güýzki maslahatynyň parlamentara hyzmatdaşlygyň doganlyk halklaryň bähbidine has-da işjeňleşdirilmeginde we täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagynda möhüm ähmiýete eýe boljakdygy barada aýdyldy.

Duşuşykda parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň möhüm bölegine öwrülendigi we ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň, ýaş we zenan parlamentarileriň duşuşyklarynyň geçirilmeginiň, ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň we özara saparlaryň guralmagynyň kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.

Taraplar bu duşuşygyň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. Şeýle hem Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda parlamentara gatnaşyklaryna ýokary baha berýändiklerini we ony ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Related posts

«Yhlas bilen aglasaň…»

Azerbaýjanyň we Gruziýanyň Premýer-ministrleri Aşgabatda duşuşdy

Dünýäniň iň uly skeleti satylýar