DÜNÝÄ

Dünýäniň iň uly skeleti satylýar

Amerikanyň Nýu-Ýork şäherinde 67 million ýyllyk “Tirannozawr Rex” atly dinozawryň skeleti satuwa çykarylar. Bu söwda satuwyny “Christie’s” söwda öýünde 6-njy oktýabrda satylar. Takmynan 6-8 million dollar aralygyndaky baha satylmagyna garaşylýar.

Dinozawryň bu görnüşiniň süňklerini ilkinji bolup tapan paleontolog Steniň adyny göterýän bu äpet jandaryň skeleti 21-nji oktýabrda görkeziler. Bu dinozawryň skeltetiniň boýy 12 metre barabardyr. Skeletiň gözleri beýsbol taýagynyň ululygynda bolup, ol 1987-nji ýylda Dakotada tapylýar. Bu dinozawr süňklerini gazyp almak hem-de täzeden dikeltmek üçin 30 müň sagat gerek boldy. Munuň üçin el zähmetinden peýdalanyldy. 67 million ýyllyk skelet 188 süňkden ybarat bolup durýar.

Bu dinozawryň skeleti 7-8 tonna barabardyr we häzirki wagtdaky Afrikanyň pilinden 2 esse agyrdyr.

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

 

 

Related posts

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý ediň!

Ankarada ýene bir gündogar alymyna heýkel dikildi

Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi