SPORT

26 ýyllyk sport rekordy täzelendi

Ýeňil atletika boýunça geçirilen “Göwher Liga” atly ýaryşyň çäklerinde 26 ýyllyk rekord täzelendi. Rim şäherindäki ýaryşda syrykly bökmekde 26 ýyl mundan ozal Sergeý Bubkanyň 6,14 metrlik rekordyny şwesiýaly türgen täzelemegi başardy.

Arman Dýuplantis syrykly bökmek ýaryşynda 6,15 metrlik sepgide ýetmegi başardy. Bu täze rekorddyr. Ukrainanyň dünýä belli türgeni, Olimpiýa çempiony Sergeý Bubka 1994-nji ýylda 6,14 metrlik böküş bilen uzak ýyllardan bäri rekordy özünde saklap gelýärdi.

Dýuplantis ýapyk binalarda hem bu ugurda rekordçydyr. Onuň görkezen netijesi 6,18 metre deňdir.

Sergeý Bubka ýaş türgeni gazanan şowly üstünligi bilen gutlady. Ol bu barada eden çykyşynda Armany gutlaýandygyny, onuň özüniň rekordyny täzelendigini belledi.

Bubka umuman, ýeňil atletika we sport üçin hem begenýändigi, sebäbi ýakyn ýyllarda şeýle ajaýyp üstünlikleriň gazanylandygyny mälim etdi.

 

Bilim Sahypamyz

Ylym we bilim baradaky habarlar, şeýle hem ýurdumyzda we daşary ýurtlarda bilim almak bilen baglanyşykly täzelikleri we maglumatlary bu sahypamyzdan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Germaniýa 12 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykdy

Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky 1000-nji duşuşyk geçirildi

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy

Meksikadan soňra ABŞ hem 1/16 tapgyra çykdy

Dünýä çempionatynyň il çalt goly geçirildi

Ata Watan Eserleri