DÜNÝÄ

Ilçi Gismat Gozalow Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň yklymara ulag geçelgeleriniň geljegine bagyşlanan maslahatda çykyş etdi

Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Gismat Gozalow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanyp, «Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň yklymara halkara ulag geçelgeleriniň geljekki mümkinçilikleri» atly tema boýunça geçirilen maslahatda çykyş etdi.

Gismat Gozalow öz çykyşynda Azerbaýjanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklaryny birleşdirýän umumy taryhy köklere, etniki we medeni gatnaşyklara, şeýle hem asyrlaryň dowamynda kemala gelen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna ünsi çekdi. Ol ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, ynanyşmak we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigini nygtady.

Sebitleýin hyzmatdaşlyk platformalary barada durup geçmek bilen, Ilçi Azerbaýjanyň BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) we Merkezi Aziýa Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň (CAREC) çäklerinde ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga gatnaşýandygyny belledi.

Ilçi Azerbaýjanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň formatyna doly hukukly gatnaşyjy hökmünde goşulmagynyň sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak babatda ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Azerbaýjanyň 2027-nji ýylda bu formata başlyklyk etmeginiň syýasy dialogyň, ykdysady hyzmatdaşlygyň, şeýle hem ulag-logistika we energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine goşant goşjakdygyny belledi.

Ilçi Azerbaýjanyň üstaşyr we logistika mümkinçiliklerini giňeltmek, şeýle hem ýurduň halkara ulag merkezi hökmünde ornuny pugtalandyrmak maksady bilen, ýurtda ulag infrastrukturasyny ösdürmek boýunça möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Baku–Tbilisi–Kars demir ýolunyň ýük daşaýyş güýjüniň artdyrylýandygyny, Baku halkara deňiz söwda portunyň ýyllyk ýük geçirijilik güýjüni giňeltmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Şeýle hem Alat portunyň çäginde gurulýan howa menziliniň 2027-nji ýylda ulanmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Ulag-logistika ulgamynda sebitleýin hyzmatdaşlygyň ykdysady ösüş üçin barha artýan ähmiýetini belläp, Ilçi Orta geçelgäniň çäklerinde Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we Gazagystanyň deňiz portlarynyň möhüm ornuna ünsi çekdi. Baku halkara deňiz söwda porty bilen Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň arasynda ýük daşamalarynyň giňeldilmeginiň sebitiň üstaşyr mümkinçilikleriniň artmagyna goşant goşýandygyny nygtady.

Ilçi, şeýle hem Türkmenistanyň we Gazagystanyň energetika serişdeleriniň Baku–Tbilisi–Jeýhan esasy nebit geçirijisi arkaly dünýä bazarlaryna çykarylmagynda Azerbaýjanyň üstaşyr hyzmatdaş hökmünde eýeleýän ornuna ünsi çekdi.

Mundan başga-da, Gozalow sebitiň üstaşyr mümkinçiliklerini giňeltmekde Orta geçelgäniň (Transhazar halkara ulag ugry), Hytaý–Gyrgyzystan–Özbegistan demir ýolunyň, Hytaý–Merkezi Aziýa–Hazar multimodal ulag ugrunyň, «Hazar deňzi–Gara deňiz» halkara ulag ugrunyň, Lapis-Lazuli üstaşyr ulag geçelgesiniň, şeýle hem TRIPP taslamasynyň ähmiýetini nygtady. Ol bu ugurlaryň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ýük daşamalarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bolsa Azerbaýjanyň üsti bilen Günbatar bazarlaryna çykmak mümkinçilikleriniň giňeldilmegine hyzmat edýändigini belledi.

Gozalow sebitiň ýurtlarynyň bar bolan üstaşyr mümkinçiliklerinden bilelikde peýdalanmagynyň, ulag infrastrukturasynyň ösdürilmeginiň we döwrebap logistika çözgütleriniň ornaşdyrylmagynyň ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, özara ykdysady bähbitleri üpjün etmek we sebitiň durnukly ösüşini gazanmak babatda möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.

Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçileri, diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, ulag-logistika ulgamynyň hünärmenleri hem-de ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky ilçileri, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri çykyş edip, sebitleýin ulag hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri baradaky garaýyşlaryny paýlaşdylar.

Related posts

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaýda geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýarlar

Türkmen wekiliýeti «Merkezi Aziýa – Hytaý» syýasy partiýalaryň dialogyna gatnaşdylar

2024-nji ýylda türkmen-rus hyzmatdaşlygy