DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Ilçisi Maldiwler Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy

Male şäherinde Türkmenistanyň Maldiw Respublikasyndaky Ilçisi (oturýan ýeri Nýu-Deli şäheri) Ş.Geldynazarow Maldiw Respublikasynyň Daşary işler ministri Iruşitam Adam bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ulag-aragatnaşyk we syýahatçylyk pudaklarynda özara hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygy nygtaldy. Hususan-da, halkara guramalarynyň çäklerinde üstünlikli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar Türkmenistan bilen Maldiw Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Related posts

Belarusyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Indoneziýadaky suw joşgunlarynyň ýetiren zyýan $4 mlrddan geçip biler

Lukaşenko we 4 dalaşgär prezidentlige dalaş eder