Türkmenistana iş saparynyň çäginde Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary — Suw serişdeleri, oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagaty boýunça ministri Erlist Akunbekow Türkmenistanyň oba hojalyk ministri Çaryýar Çetiýew bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň metbugat gullugy habar berdi.
Gepleşikleriň dowamynda oba hojalyk ulgamynda gyrgyz-türkmen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň wajyp meseleleri boýunça pikir alşyldy, şeýle hem mundan beýläk-de özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary kesgitlenildi.

Hususan-da, taraplar oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine, şol sanda Gyrgyzystanyň howa şertlerinde gurakçylyga çydamly üzüm sortlaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça Türkmenistanyň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmaga, ýyladyşhana hojalygyny ösdürmäge, şeýle hem miwe-ir-iýmiş we gök ekinleri ösdürip ýetişdirmek ulgamynda bilelikdäki ylmy-amaly barlaglary geçirmäge seretdiler.
Organiki oba hojalygyny ösdürmäge aýratyn üns berildi. Bu ugurda organiki önümçiligiň möçberlerini artdyrmak, sertifikatlaşdyrmak mehanizmlerini kämilleşdirmek we organiki önümleri daşarky bazarlara çykarmak, şeýle hem olary gaýtadan işlemegiň, saklamagyň we gaplamagyň häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iki ýurduň oba hojalyk işewürleriniň wekilleriniň arasynda göni işewürlik gatnaşyklaryny berkitmek özara gatnaşyklaryň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk haryt öndürijileriniň we gaýtadan işleýän kärhanalaryň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn işewür duşuşyklary geçirmegiň mümkinçiligine seredildi. Işewürlik gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň kemala gelmegine, söwda-ykdysady aragatnaşyklaryň giňelmegine we oba hojalyk önümleriniň özara iberilişiniň möçberleriniň artmagyna ýardam etjekdigi bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda Erlist Akunbekow gyrgyz tarapynyň Türkmenistanda öndürilýän ýokary hilli mineral dökünleri özara bähbitli şertlerde we bäsdeşlige ukyply bahalardan Gyrgyzystana göni ibermegi ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini hem nygtady.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar oba hojalyk ulgamynda gyrgyz-türkmen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny tassykladylar hem-de amaly gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, öňdebaryjy tejribe alyşmaga we özara gyzyklanma bildirilýän bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
